7 nji dekabrda Italýadaky dünýäniň iň uly täze ýyl arçasynyň yşyklaryny ýakmak çäresi geçirildi. Bu baradaky habary “Wanted in Rome” portalyna salgylanmak bilen Turkmenportal habar saýty salgy berýär.
Beýikligi 750 metr bolan bu täze ýyl arçasynyň yşyklaryny ýakmak dabarasy 7-nji noýabrda teleýaýlymlarda ýaýlyma berildi. 1991-nji ýylda Ginesiň Rekordlar kitabyna giren bu arça 300 ýaşyl çyra we içki bölegi 400 reňkli çyra bilen ýakylýar.
Arçanyň bezeg yşyklary ýerli ýaşaýjylaryň öz merhum ata-babalarynyň ruhlaryna doga-dileglerini aňladýar. Arçanyň öz nyrhy bu ýyl 2020-nji ýyldakydan 7 göterim gymmat düşüpdir.
Gülnabat SAPAROWA
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş
institutynyň “Dünýä ykdysadyýeti” hünäriniň talyby
Teswirler