Bilim häzirki zamanyň ösüş ýoly

Milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda eziz Watanymyzyň durnukly ösmegine, dünýä ykdysady giňişligine üstünlikli goşulmagyna örän uly ähmiýet berilýär. Şol sanda ýurdumyzda döwrüň iň bir öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrylan iri senagat toplumlarynyň döredilmegi eziz Diýarymyzyň ykdysady kuwwatyny barha berkidýär. Bu bolsa halkymyzyň eşretli ýaşaýyş-durmuş şertlerini düýpli gowulandyrmaga ýardam edýär.

Ýurdumyzyň we jemgyýetimiziň durnukly we sazlaşykly ösüşi ylym-bilim bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Häzirki wagtda ýokary hilli bilim almak, hünär öwrenmek bolsa her bir adam üçin uly bagtdyr. Ylym-bilim bu – halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda nesilden-nesle geçip gelýän gymmatly baýlyklarynyň biridir.


Hormatly Prezidentimiziň bilim ulgamyny kämilleşdirmek boýunça alyp barýan beýik işleri netijesinde ýurdumyzda ýokary ahlakly, giň düşünjeli, iň kämil tehnologiýalardan baş çykaryp bilýän hünärmenleriň täze neslini kemala getirmegä giň mümkinçilikler döredilýär.


Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe häzirki wagtda beden we ruhy taýdan sagdyn, ýokary bilimli ýaş nesli taýýarlamak üçin döwletimiz tarapyndan ähli şertler döredilýär. Bu bolsa, döwri ýurdumyzyň ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýandygyny alamatlandyrýar. Mundan başga-da, ýurdumyzda ýaş zehinlileriň ukyp başarnyklaryny ýüze çykarmak babatynda, ýaş nesli ylmyň, bilimiň kämil ýollarynda Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmaga taýýarlamakda düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň hormatly Prezidentimiziň ähli işleriniň rowaç bolmagyny arzuw edýäris.


Ýurdumyzda bagtyýar ýaş nesillerimiziň döwrebap bilim alyp, başarjaň, ylymly hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin, milli ylym-bilim ulgamynyň ösmegine giň mümkinçilikleri döredýän Hormatly Prezidentimiziň jany sag bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin!

Annaýew Orazgeldi

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň 1-nji ýyl talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok