Dünýäde her ýyl öňdebaryjy telefon öndüriji şereketler tarapyndan üýtgeşik aýratynlyklara eýe bolan telefonlar öndürilýär. Şu ýyl bolsa şolaryň iň täsinleriniň biri Hytaý halk respublikasynyň TCL kompaniýasy tarapyndan köpçülige hödürlenildi. Kompaniýa tarapyndan Fold’n Roll diýip atlandyrylan bu telefonyň esasy aýratynlyklary olaryň hem eplenip hemem ekerany açanyňdan soň telefonyň gapdallarynyň uzamagydyr.
Şereketiň hünärmenleri 6 aý mundan ozal şeýle görnüşli telefonlary öndürjekdigini mälim edipdiler. Ýaňy ýakynda geçirilen sergide bolsa olar bu telefony köpçülige görkezdiler we uly meşhurlyga eýe boldular.
Ýene-de şuňa meňzeş telefonlary OPPO kompaniýasy hem döretmegi başardy, emma olaryň telefony diňe gapdal taraplara uzap bilýärdi, Fold’n Roll bolsa ähli taraplarynyň uzalmagy bilen şeýle aýratynlykdaky ýeke-täk telefon bolmagy başardy.
Häzirki wagtda Dünýäde eplenýän telefonlaryň liderligini Samsung kompaniýasy saklaýar. Alymlaryň çaklamalaryna göra bolsa geljekde hem bu ugurda Samsung öňdäki orunlary gorar. Şeýle-de, alymlar 2023-nji ýylda dünýäde takmynan 90 milliondan gowrak eplenýän telefonlaryň ulanyljakdygyny hem çakladylar.
Muhammetdurdyýewa Ogulsenem
Türkmenistanyň döwlet energetika insitutynyň
Umumy fizika, matematika we informatika
kafedrasynyň mugallymy
Teswirler