“Disney”-iň täze zenan ýolbaşçysy

Dünýä belli amerikan multifilm kompaniýasy bolan The Walt Disney-e täze zenan ýolbaşçy bellenildi. 98 ýyl bäri diňe erkek kişileriň dolandyran bu kompaniýasyny gelejekde zenan maşgala dolandyrar. Bu baradaky habar TASS habarlar agentligine salgylanyp Tmcars apllikasiýanyň habarlar bölüminde bellenilýär.

Kompaniýanyň habar bermegine görä, Disney-iň täze ýolbaşçysy Sýuzen Arnold 2021-nji ýylyň 31-nji dekabryndan täze wezipesine girişer. Sýuzen Arnold 2007-nji ýylda kompaniýanyň müdirler geňeşine goşuldy we ol häzirki wagta çenli kompaniýanyň esasy paýnamaçylaryndan biri bolup durýar. Täze ýolbaşçy 2018-nji ýylda geňeşiň baş garaşsyz müdiri boldy. Mundan başga-da, ol Procter & Gamble we McDonald’s ýaly kompaniýalaryň hem ýolbaşçylyk düzümine giripdi.

ÇARYÝEWA Malika

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň 1-nji ýyl talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok