Mehanika boýunça Kazanda geçen halkara olimpiadada türkmen talyplaryň 12-si baýrakly orna mynasyp boldy

Russiýa Federasiaýynyň Tatarstan Respublikasynyň Kazan şäherinde guralan Nazary mehanika dersinden talyplaryň olimpiadasynyň III tapgyry tamamlandy. Bu olimpiada geçen iki tapgyrda ýeňiji bolan baýry ýokary okuw jaýlarynyň talyplary gatnaşdylar. Olimpiada Russiýa, Türkmenistan we Belarusiýa döwletlerinden jemi 41 topardan 147 talyp gatnaşdy. Nazary mehanikadan geçirilýän bu olimpiadanyň tutuş taryhynda bu ýyl iň köp talyp gatnaşan ýyly diýip hem bellendi.

Gatnaşanlara Nazary mehanikanyň esasy bölümlerinden 8 mesele berilip, bu meseleler hiç bir “meseleler ýygyndysyna” degişli bolman şol olimpiada-da ilkinji gezek işlenýändigi bilen tapawutlanýar. Bu meseleler talyplaryň çylşyrymly we adaty däl meseleleri çözmekde ýokary başarnyklaryny açyp görkezdi.

Biziň ýurdumyzdan bu olimpiada jemi 4 ýokary okuw mekdebinden 14 talyp gatnaşyp, olaryň dördüsi II we III orunlaryň “Diplomlaryna”, sekiz sany talyp bolsa IV we V derejeleriň “Hormat hatlaryna”  mynasyp boldular. Geçirilen bu bäsleşige biziň ýokary okuw mekdebimiziň, has takygy Türkmen oba hojalyk institutynyň talyplary-da diýseň işjeň gatnaşdylar. Olardan Agajanow Kakageldi we Bäşimowa Jennet III oruna mynasyp boldular.

Myrat GARÝAGDYÝEW
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok