26-njy noýabrda Türkmen paýtagtynda geçirilmegi meýilleşdirilýän Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň XV sammitiniň öňüsyrasynda, şu gün YHG-a agza döwletleriň işewürlik maslahaty geçirildi. Ol Türkmenistanyň we YHG-nyň Söwda-senagat edaralary hem-de guramanyň Sekretariaty tarapyndan guraldy. Bu barada TDH habar berýär.
Utgaşykly görnüşde geçirilen maslahat halkara ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda nobatdaky möhüm ädime öwrülip, YHG-a agza döwletleriň Söwda-senagat edaralarynyň, ministrlikleriň we ugurdaş edaralaryň, banklaryň hem-de hususy kompaniýalaryň ýolbaşçylarydyr wekillerini ýygnady. Onuň işine 170-den gowrak wekil gatnaşyp, olardan 40-sy daşary ýurtly işewürler, 138-si ýurdumyzyň wekilleridir. Şeýle-de dünýäniň dürli ýurtlaryndan 270-den gowrak telekeçi forumyň işine sanly ulgam arkaly gatnaşdy.
YHG-nyň Baş sekretarynyň orunbasary Saýed Ýahýa Aklaki işewürler maslahatyny açyp, mähirli kabul edilendigi hem-de däbe öwrülen myhmansöýerlik üçin Türkmenistanyň Prezidentine hoşallyk sözlerini aýdyp, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 28-nji noýabrda geçiriljek XV sammitiniň söwda gatnaşyklaryny ösdürmekde, sebit syýasatyny sazlaşdyrmakda möhümdigini belledi.
Maýa goýum mümkinçiliklerini giňeltmek, bu ulgamda iň gowy dünýä tejribelerini ornaşdyrmak, ulag we logistika hyzmatlarynyň kömegi bilen işewürlik gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça bilelikdäki işlere aýratyn üns berildi. Umumy mejlis YHG-a agza döwletleriň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine bagyşlandy. Esasy maksat Merkezi Aziýa ýurtlarynyň gurama giren wagtyndan bäri geçen 30 ýylyň dowamynda bu ulgamda gazanylan üstünlikleri ara alyp maslahatlaşmakdan, ileri tutulýan ugurlarda möhüm meseleler boýunça pikir alyşmakdan ybarat boldy.
Soňra çykyş eden YHG-nyň Söwda-senagat edarasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň Söwda, senagat, magdan we oba hojalyk edarasynyň ýolbaşçysy Golam Hosseýn Şafei şu günki işewürler maslahatynyň jemleriniň söwda, ykdysady we maýa goýum gatnaşyklarynyň has-da giňelmegine kuwwatly itergi berjekdigine ynam bildirdi.
Daşary ýurtly gatnaşyjylar forumyň ykdysadyýetde möhüm meseleleri hem-de aýry-aýry ulgamlary netijeli ösdürmegiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berýändigini bellediler. Maýa goýum kuwwatyny hem-de bu ugurda gazanylan belent sepgitleri görkezmek bilen bir hatarda, ol dünýäniň dürli ýurtlarynyň işewür toparlary bilen gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam edýär.
Baý tebigy we adam serişdelerine eýe bolan YHG-nyň geljekde ykdysady işleri ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriniň bardygy bellenildi, şunuň bilen baglylykda, söwda we maliýe hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegini goldamak guramanyň wezipeleriniň biri bolup durýar. Işewür toparlaryň wekilleri YHG-a agza ýurtlaryň işewürleriniň özara gatnaşyklary, täze bazarlara çykmaga mümkinçilik, öňdebaryjy tejribäni we ýokary tehnologiýalary alyşmak meselelerine aýratyn üns berdiler.
Türkmen tarapyndan maslahata gatnaşyjylar soňky ýyllarda Türkmenistanyň önümçilik ulgamyna uly möçberde döwlet hem-de daşary ýurt maýalaryny goýmak bilen, milli ykdysadyýetiň okgunly ösmegi üçin mäkäm binýadyň döredilýändigini bellediler.
“YHG-nyň sebitinde söwda we hyzmatlar, gümrük hyzmatlary, salgyt salmak, sanly söwda, täjirçilik babatda hyzmatdaşlyk” atly mejlisiň çäklerinde ykdysadyýetleri durnukly ösdürmek, olary diwersifikasiýalaşdyrmak üçin zerur derejäni üpjün edýän bazar gurallaryny peýdalanmak, şeýle hem Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlara daşarky maýa goýumlary çekmek üçin amatly şertleri döretmek barada meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Işewürler maslahaty tamamlanandan soň, oňa gatnaşyjylar şeýle çäreleri dowam etmek barada aýdyp, onuň geljekde-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.
Utgaşykly görnüşdäki forumyň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirilip, şolaryň barşynda ýangyç-energetika toplumy, himiýa senagaty, oba hojalygy, azyk we dokma senagaty, söwda hem-de beýleki ulgamlarda işewürlik gatnaşyklaryny giňeltmek maksady bilen, geljekki anyk ädimler bellenildi.
Işewürlik duşuşygynyň jemleri boýunça demir ýol-ýük geçelgesini döretmek boýunça Gazagystan Respublikasynyň, Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň demir ýol edaralarynyň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Mundan başga-da, Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň degişli düzümleri bilen YHG-a agza ýurtlaryň kompaniýalarynyň wekilleriniň arasynda umumy bahasy ABŞ-nyň 11 million dollaryndan gowrak bolan ikitaraplaýyn şertnamalara, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bilen umumy bahasy ABŞ-nyň 35 million dollaryndan gowrak bolan eksport-import amallary boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi.
Atajan Mylkyýew,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.
Teswirler