Ýurdumyzyň Garaşsyzlygy ýyllarynda bankulgamyndaky özgertmeler

     Häzirki wagtda ýurdumyzda bank hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak, bank hyzmatlarynyň görnüşlerini artdyrmak ykdysady ösüşimiziň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezilýär. Bu ulgamyň işiniň yzygiderli ösdürilmegi ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň bäsdeşlige ukyply innowasion ösüşini üpjün etmegi, dünýä ykdysady giňişligine goşulyşmagy, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň derejesine ýetirmegi üçin wajyp bolup durýar.

     Bank hyzmatlary babatynda geçirilýän özgertmeleriň esasynda bank bazaryna gatnaşyjylaryň we müşderileriň arasyndaky gatnaşyklaryň täze derejä çykmagy, ilkinji nobatda bolsa, müşderilere hyzmat edilişiniň tizliginiň artdyrylmagy hem-de hyzmat etmegiň dürli ugurlaryny peýdalanmak bilen, müşderileriň wagtynyň tygşytlanylmagy kanuny ýagdaýdyr.

    Ýurdumyzyň Garaşsyzlygy ýyllarynyň içinde dünýä tejribesi bilen sazlaşýan bank kanunçylygynyň mizemez binýady emele geldi. Bank ulgamynyň işini kadalaşdyrýan ýurduň hereket edýän kanunçylygynyň üsti Esasy Kanundan gözbaşyny alýan, halkara hukugynyň umumykrar edilen kadalar bilen sazlaşýan, “Türkmenistanyň Merkezi banky hakynda”, “Karz edaralary we bank işi hakynda”, “Daşary ykdysady gatnaşyklarynda puly kadalaşdyrmak we pula gözegçilik etmek hakynda” we “Gymmatly kagyzlar bazary hakynda” we başga-da ençeme Türkmenistanyň Kanunlary we birnäçe kadalaşdyryjy hukuk namalaryny gurşap alýar.

      Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň döwlet baştutanlygynda ýurdumyzda milli ykdysadyýetimizi diwersifikasyýalaşdyryp ösdürmekde, öňde goýlan sepgitlere üstünlikli ýetmekde döwlet maksatnamalarynyň ähmiýeti örän uludyr.

      Milli Liderimiziň döwlet baştutanlygynda “Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmegiň 2011–2030-njy ýyllar üçin Döwlet Maksatnamasy”, “Türkmenistanyň  Prezidentiniň  ýurdumyzy 2019–2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy” we “Türkmenistanda 2019–2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy” kabul edildi.

     Bu Maksatnamalara we Konsepsiýa laýyklykda, ýurdumyzda bank ulgamynyň işini döwrebaplaşdyrmak hem-de bu ulgama halkara bank tejribesiniň iň öňdebaryjy usulyýetini, döwrebap ösen innowasion sanly tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, pul serişdeleriniň kadaly dolanyşygyny üpjün ertmek, sanly töleg ulgamlaryny kämilleşdirmek işleri baş wezipeleriň biri bolup durýar. Ýurdumyzda programma-tehniki serişdeler, sanly maglumat-aragatnaşyk serişdeleri we maglumat ulgamlary, bank edaralaryna işjeň ornaşdyrylýar we onuň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanylýar.

     Ýurdumyzyň bank edaralarynda ornaşdyrylýan sanly ulgamyň giňden peýdalanylmagynyň binýadynda, karzlary bermek, maýa goýumlaryny maliýeleşdirmek we dürli tölegleriň çalt we özwagtynda geçirilmegini üpjün etmek, töleg-hasaplaşyk amallarynyň ähli görnüşlerini we nagt pul geçirimlerini gysga wagtyň içinde amala aşyrmak, bank kepilligini bermek ýaly bank hyzmatlary döwrebaplaşdyrylýar.

     Ýurdumyzyň bank edaralary tarapyndan, ýurdumyzyň Garaşsyzlygy ýyllarynyň içinde işe girizilen “Altyn asyr” bank kartlarynyň, “Visa” we “Master Card” halkara töleg usullarynyň ulanylmagy pul dolanyşygyny ösdürmegiň täze tapgyryna giň ýollary açdy. Bu milli we halkara bank kartlary ýurdumyzyň raýatlary tarapyndan ýurduň içinde we daşynda harytlar we hyzmatlar boýunça hasaplaşyklar, syýahatçylyk bilen bagly işlerde, okuw töleglerini tölemek we beýleki maksatlar üçin işjeň ulanylýar. Sanly ulgama geçilmegi, müşderilere edilýän sanly bank hyzmatlarynyň gerimini artdyrmaga, milli we halkara töleg ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeltmäge, bank edaralarynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga ýardam edýär.

      Bank edaralary tarapyndan sanly innowasion ösen tehnologiýalardan giňden peýdalanylmagy, ýurdumyzyň bank edaralarynyň bäsdeşlige ukyplylygynyň ýokarlandyrylmagyny we müşderilere döwrebap bank hyzmatlarynyň hödürlenilmegini şertlendirýär.

     Türkmenistanyň “Halkbank” döwlet täjirçilik bankynyň hem-de Türkmenistanyň “Türkmenbaşy” döwlet täjirçilik bankynyň hukuk – guramaçylyk görnüşiniň üýtgedilmegi bilen, degişlilikde ýagny, olaryň  “Halkbank” Paýdarlar täjirçilik bankyna we ‘Türkmenbaşy” Paýdarlar täjirçilik bankyna öwürilmegi hem munuň aýdyň mysalydyr.

     Ýurdumyzyň bank edaralary tarapyndan ilata hödürlenilýän nagt däl hasaplaşyklaryň hilini ýokarlandyrmak we gerimini giňeltmek boýunça geçirilýän işleriň çäklerinde, halkara tejribesinde giňden ýola goýlan we ýurdumyzda hem ornaşdyrmak boýunça synagdan geçen täze döwrebap bank önümi bolan, ýagny QR-kod bank hyzmaty – galtaşyksyz töleg hyzmaty arkaly hasaplaşyklary ýerine ýetirmek ýola goýuldy.  Munuň özi, islendik satyn alnan harytlar, edilen işler we hyzmatlar üçin smartfon aragatnaşyk ulgamynyň üsti bilen tölegleri geçirip bolýandygyny aňladýar. Bu işleriň ýola goýulmagy, ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýandiginiň aýdyň subutnamasydyr.

     Şeýle işleriň alnyp barylmagynda döredýän giň mümkinçilikleri üçin, Arkadag Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny arzuw edýäris!

Resul Halykow
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş
institutynyň talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok