19-njy noýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde DIM-iň orunbasary Wepa Hajiýew bilen BMG -niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň Müdirliginiň (BMG BÝKM) Merkezi Aziýa boýunça Sebitleýin wekili Hans Fridrih Şodderiň arasynda göni wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar şu ýylyň dowamynda bilelikdäki ýerine ýetirilen işler barasynda durup geçdiler. Şeýle-de Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen hyzmatdaşlygyň strategiki häsiýete eýedigi nygtaldy.
W. Hajiýew Türkmenistan BMG-niň bosgunlar hem-de apatridler boýunça esasy halkara-hukuk resminamalaryna gatnaşmak arkaly, bu ugurda öz üstüne alan halkara borçnamalaryna ygrarlylygyny iş ýüzünde subut edýändigi belledi. BMG- niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň Maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň hemişelik agzasy bolmak bilen, Türkmenistan bosgunlara, raýatsyzlygy bolmadyk adamlara goldaw bermek hem-de olaryň hukuklaryny goramak boýunça maksada gönükdirilen ähmiýetli işleri durmuşa geçirmek bilen halkara bileleşiginiň bu ugurdaky tagallalaryna özüniň saldamly goşýar.
Türkmenistanyň raýatsyzlygynyň aradan aýrylmagy ugrundaky anyk hereketleri BMG BÝKM- niň 2014-2024-nji ýyllar üçin raýatsyzlygyň soňuna çykylmagy boýunça on ýyllyk “I BELONG” global kompaniýasynyň çäklerindäki çagyryşyna doly laýyk gelýändir. Hut şu sebäpli, Türkmenistanda raýatsyzlygyň soňuna çykmak boýunça 2019-2024-nji ýyllar üçin hereketleriň Milli meýilnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Duşuşygyň ahyrynda türkmen tarapy BMG BÝKM-niň wekilini 12-nji dekabrda Aşgabatda Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanyp geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna gatnaşmaga çagyrdy.
.
Rahym BEGJANOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.
Fotosurat: https://centralasia.news/
Teswirler