Babadaýhan etrabynda täze dokma toplumy açylylar

16-njy noýabrda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda wise-premýer Ç.Gylyjow Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynda gurlan dokma toplumynyň açylyş dabarasyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Bu barada TDH habar berýär.

Daşary ýurtlaryň öňdebaryjy kompaniýalarynyň enjamlary bilen üpjün edilen täze, döwrebap dokma toplumynyň kuwwatynyň ýylda 3 müň 300 tonna ýokary hilli ýüplügi, 20 million inedördül metr dürli görnüşli matalary, şol sanda 18 million inedördül metr matalary boýamaga hem-de 3 million 500 müň sany taýýar tikin önümlerini öndürmäge barabardygy habar berildi. Bu toplumyň ekologiýa taýdan arassa, ýokary hilli önümleri ýurdumyzyň içerki bazaryny üpjün etmek bilen bir hatarda, pudagyň eksport mümkinçiligini artdyrar, şeýle hem onuň işe girizilmegi bilen 1 müň 150 täze iş orny dörediler.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, halkymyzyň döredijilikli zähmeti hem-de bagtyýar durmuşy üçin ähli şertleriň döredilýändigini nygtady. Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürýän kärhanalary döretmek, döwletimiziň ykdysady kuwwatyny mundan beýläk-de artdyrmak, eksport mümkinçiligini ýokarlandyrmak boýunça uly işler alnyp barylýar. Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynda dokma toplumynyň gurulmagy hem munuň aýdyň mysallarynyň biridir.

Önümçilige netijeli innowasiýalary, dünýä ylmynyň gazananlaryny, iň kämil tehnologiýalary ornaşdyrmak işinde halkara hyzmatdaşlygyň geriminiň giňeldilmegi uly ähmiýete eýedir. Diýarymyzda öndürilýän dokma önümleriniň hil we ekologik howpsuzlygy babatda halkara ölçeglere laýyk gelmegine aýratyn üns berilmelidir. Türkmen hünärmenleri içerki bazaryň isleglerini öwrenip, ilatyň möwsümleýin isleglerinden ugur alyp, lybaslaryň we beýleki harytlaryň täze görnüşlerini işläp taýýarlamalydyrlar hem-de önümçilige ornaşdyrmalydyrlar diýip, Türkmenistanyň Prezidenti belledi hem-de açylyş dabarasyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok