Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygy bilen ata Watanymyz gün-günden ösýär, özgerýär. Häzirki wagtda dünýä tejribesiniň gazananlaryny nazara almak bilen ýurdumyzda bank kartlary giňden ornaşdyrylýar. Bank karty töleg ulgamynda ulanylýan şahsy töleg guraly bolup, ol harytlaryň ýa-da hyzmatlaryň bahasyny nagt däl görnüşinde tölemäge, banklaryň bölümlerinden we bank awtomatlaryndan nagt pul almaga, şeýle hem nagt däl hasaplaşyklaryň gerimini giňeltmäge ýardam berýär.
Bank kartlarynyň taryhyna ser salsak, onuň başlangyç nusgalary dünýäde ilkinji gezek Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda peýda bolupdyr. 1914-nji ýylda bu ýurtda iri söwda dükanlary öz müşderilerine kredit kartlaryny berip başlaýar. 1928-nji ýylda bolsa häzirki zaman kartlara meňzeş bolan we ýüzünde eýesiniň ady bilen salgysy ýazylan metal kartlar oýlanyp tapylýar. 1936-njy ýylda müşderilerine kartlar boýunça karzyna hyzmat etmäge razy bolan kärhanalaryň ilkinji bileleşigi döreýär. Şunlukda “Diners Club” tarapyndan çykarylan restoran kredit karty aýratyn üstünlik gazanýar. Şondan soňra töleg kartlarynyň üstünlik gazanýandygyna göz ýetiren iri amerikan banklarynyň ençemesi öz bank kartlaryny dolanyşyga girizip başlaýar. Banklar tarapyndan çykarylan bu kartlary diňe restoranlarda däl, eýsem, beýleki ýerlerde hem ulanylyp bolýar. Bank kartlaryň bazaryny ilkinji bolup özleşdirenleriň hatarynda häzirki wagtda dünýä belli Bank of America, Macter Card, American Express, Visa International ýaly banklardyr töleg guramalaryny görkezmek bolar.
Häzirki wagtda biziň ýurdumyzda hem bank kartlary giňden ulanylýar. Bank kartlaryň ýaýbaňlandyrylmagy, bankomatlaryň sanynyň köpeldilmelidigi barada hormatly Prezidentimiz: “Pul dolanyşygynda töleg terminallarynyň, bankomatlaryň we dürli töleg kartlarynyň peýda bolmagy döwrüň talabydyr we ýurdumyzyň bütin dünýä ykdysady gatnaşyklaryna barha ynamly aralaşýandygynyň ölçegidir” diýip, jaýdar belleýär. Töleg guraly hökmünde bank kartlarynyň birnäçe görnüşi bardyr. Olara bank karz kartlary, syýahatçylyk, tomaşa we dynç alyş kartlary, bank awtomatlary üçin kartlary, söwda nokatlaryndaky terminal arkaly satyn alyş kartlary hususy ulgamlaryň debet kartlary degişlidir. Ýurdumyzyň raýatlarynyň bank kartlarynyň dürli görnüşleri bilen üpjün edilmegi nagt pul dolanyşygynyň möçberini peseltmekde, tölegleriň aýdyňlygyny gazanmakda we netijede býujetiň salgyt salynýan binýadyny ýokarlandyrmakda peýdalydyr. Şonuň üçin ýurdumyzda bank kartlary has-da ýaýbaňlandyrylýar. Elbetde, ýurdumyzyň ykdysadyýet pudagynda gazanylýan ägirt uly üstünlikleriň düýp sakasynda Gahryman Arkadagymyzyň hossarlyk aladalary durýar. Goý, Milli Liderimiziň jany sag, ömri üzak, il bähbitli, ýurt ähmiýetli işleri hemişe rowaç bolsun!
Orazdurdy HOMMODOW,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.
Teswirler