Mälim bolşy ýaly 12-nji noýabrda Türkiýäniň Stambul şäherinde Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň VIII sammiti geçirildi. Gurama agza döwletleriň ýolbaşçylary Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň sekretariýatynyň täze ştab – kwartirasynyň açylyş dabarasyna hem gatnaşdylar. Bu çärä Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hem gatnaşdy.
Türki geňeşe Azerbaýjan, Türkiýe, Gazagystan, Gyrgyzystan hem-de Özbegistan hemişelik agza, Wengriýa bolsa synçy derejesinde gatnaşdy. Türki geňeşiň Stambulda geçiriljek nobatdaky sammiti Türkmenistan üçin taryhy waka boldy. Çünki, duşuşykda Türkmenistana Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşinde synçy derejesi berildi.
Milli Liderimiz golaýda türkiýeli žurnalist, «TRT World» teleýaýlymynyň baş redaktory Ýusuf Eriminiň «Şu ýyl Türkmenistanyň Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşine synçy hökmünde goşulmagyna garaşylýar. Bu gurama synçy hökmünde goşulmak baradaky çözgüdi kabul etmäge sebäp bolan ýagdaýlar barada aýdyp beräýseňiz?» diýen sowalyna ine, şeýle jogap beripdi.
Ýurdumyzyň Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşine synçy hökmünde goşulmagy baradaky çözgüdi kabul etmäge sebäp bolan ýagdaýlar barada aýdanymyzda bolsa, Türkmenistan bu geňeşiň mejlislerine hemişe ýokary derejede işjeň gatnaşyp gelýär. Şunuň bilen birlikde Türkmenistan türki dilli ýurtlaryň ählisi bilen dürli ugurlarda dostlukly we özara bähbitli hyzmatdaşlyk edýär. Şoňa görä-de, biz Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşine synçy hökmünde goşulmak baradaky çözgüdi kabul etdik.
— diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Türki geňeşe synçy hökmünde gatnaşmagynyň guramanyň syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklarda alyp barýan işlerine goşant goşjakdygyna berk ynanýandygyny aýtdy.
11-nji noýabrda Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň daşary işler ministrleriniň sekizinji mejlisine gatnaşdy. Ministr Türkmenistanyň özüniň Bitaraplyk hukuk derejesinden ugur almak arkaly halkara parahatçylygyň, ählumumy howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň goldanmagy we berkidilmegi babatdaky tagallalaryň birleşdirilmegini geňeşiň işine gatnaşmagynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda öňe çykarýandygyny belledi. Bu ugurda energetika, ykdysadyýet, senagat, ulag we ekologiya ugurlarynda işjeň gatnaşyklar türki dilli döwletleriň mümkinçiliklerini ulanmak boýunça strategik wezipeleriň biri hökmünde öňe çykýar.
Şeýle-de saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Türkiýe Respublikasynyň daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly bilen ikitaraplaýyn duşuşygy geçirildi.
Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşi türki dilli halklaryň hem-de umumy taryhy kökleri, we milli-medeni gymmatlyklary bolan ýurtlaryň arasynda jebislige hem-de bilelikdäki netijeli hyzmataşlyga ýardam edýän möhüm ähmiýetli guramadyr.
Guramanyň taryhyna ser salsak 2009-njy ýylyň 3-nji oktýabrynda türki dilli döwletleriň Baştutanlarynyň Azerbaýjanyň Nahiçewan şäherinde geçirilen sammitinde döredildi. Guramanyň iş tertibi 2010-njy ýylyň Stambul jarnamasynda berkidilendir. Döredilen gününden bäri Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşi Türki dilli halklarynyň agzybirligini we doganlygyny berkitmek, umumy türk medeniýetini geljek nesillere geçirmek we ony dünýä ýaýmak ugrunda birnäçe işleri alyp barýar.
Bu gurama Türki dilli döwletleriň alymlarynyň we sungat işgärleriniň arasynda ýygnaklary, medeniýet günlerini we birnäçe çäreleri geçirmek bilen, özara tejribe alyşmaga giň mümkinçilik berýär.
Bulardan başga-da gurama türk dünýäsiniň görnükli şahsyýetleriniň galdyran medeni mirasyny ýatlama ýyllaryny, ýatlama çärelerini hem yzygiderli geçirýär.
Şeýle çäreleriň biri 2014-nji ýylda türkmen nusgawy şahyry Magtymguly pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygy mynasybetli geçirildi.
Türki dilli ýurtlaryň hyzmatdaşlyk geňeşiniň yzygiderli geçirýän çäreleriniň biri-de “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” ady bilen gadymy şäherleriň medeni we çeper durmuşy açylyp görkezilýän çäreleredir.
2015-nji ýylda Türkmenistanyň gadymy Merw şäheri türki dünýäsiniň medeni paýtagty hökmünde saýlandy. 8-nji oktýabrda Mary welaýatynyň merkezinde gurama agza döwletleriň sahna ussatlarynyň IV maslahatynyň açylyş dabarasy, şeýle hem agza döwletleriň we ýurdumyzyň teatr toparlarynyň sahna oýunlarynyň görkezilişi boldy.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistany bu guramalara agza ýurtlar bilen däp bolan dostluk gatnaşyklary baglanyşdyrýar. Netijeli söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk, bilelikdäki iri taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi olaryň aýdyň netijeleridir.
2021-nji ýylyň 31-nji martynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň onlaýn sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşypdy.
Seýli ARYŞOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara
žurnalistikasy fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.
Teswirler