«Tanat» işewürlik-maglumat kitapçasynyň ilkinji sany

Türkmenistanyň ähli ýerlerindäki iri, orta we kiçi hususy kärhanalar baradaky köp sanly maglumatlary özünde jemleýän täze «Tanat» işewürlik-maglumat kitapçasynyň ilkinji sany neşir edildi. «Tanat» taslamasy «Emel» dizaýnerlik kompaniýasy tarapyndan ýola goýuldy.

Kompaniýalaryň, firmalaryň we kärhanalaryň A4, A5, A6 we A8 formatlarda özünde jemleýän 10 müň nusgada çap edilen neşirde dürli hyzmatlar barada we habarlaşmak üçin maglumatlar ýerleşdirilen. Işewürlik-maglumat kitapçasy mugt bolup, ony ýurduň ähli jemgyýetçilik ýerlerinden tapmak bolýar.

Bu kitapça işewürlik bilen meşgullanýanlar üçin öz kompaniýalarynyň işini we hyzmatlaryny tanyşdyrmak, ýurtda we ýurduň daşyndan täze hyzmatdaşlary tapmak, özleri barada maglumat bermek bilen abraýynyň ýokarlanmagyna we reýtinginiň täze derejelere çykmagyna ýardam eder.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok