Hormatly Prezidentimiziň saýasynda ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda deň hatarda ösüşler amala aşyrylýar. Ine şu günlerde hem biz ýene bir şanly seneleriň şaýady bolup durus. Has dogrusy, bilşimiz ýaly eýýäm birnäçe ýyl bäri dowam edip gelýän Türkmen awtoban iş proýekti boýunça ýokary tizlikli ýoluň birinji tapgyry, Aşgabat-Tejen aralyk ýoly gurlup ulanylmaga berildi. Bu sene bilen baglanyşylykly ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleriniň hem joşguny artdy.Ine şu gün hem ir säher bilen ýurdumyzyň döredijilik işgärleriniň birnäçesi ähli amatlyklary bolan awtobuslarda şatlyga beslenip, şol ýoluň dabaraly açylyşyna gatnaşdy. Bu ýere ýygnanan sungat işgärleriniň sesinde buýsanç, ýüreklerinde hyjuw we her bir ýerine ýetirýän eserlerinde bolsa, Gahryman Arkadagymyza bolan alkyşlar bardy.
Maral GURDOWA,
Aşgabat şäheriniň Medeniýet müdirliginiň
1-nji çagalar sungat mekdebiniň
fortepiano mugallymy.
Teswirler