Pyragy – dowamat tili türkmeniň

Gündogaryň beýik akyldary Omar Haýýam:
“ Dünýä togalygy bir ýüzük bolsa ,
Ynsandyr bezegi zynaty gaşy ”
diýip, belläp geçýär. Munuň aňyrsynda uly many ýatandyr. Bu barlykda bolan zatlaryň iň gymmatlysy – adamzatdyr. Biziň ýurdumyzda “Döwlet adam üçindir!” diýen ynsanperwer ýörelga eýerilýär. Magtymguly Pyragy Garaşsyz döwlet bolmagy arzuwlan şahyrdyr. Garaşsyz döwlet bolmak – bahasyna ýetip bolmajak üstünlikdir. Soňky ýyllarda bolsa, ýurdumyzda ägirt uly işler amal edilýär. Onuň aňyrsynda bolsa baş maksat azat, erkin durmuşda ýaşamakdyr. Dana şahyr Magtymguly Pyragynyň arzuw eden zamanasynyň gelendigini bolsa biz bilýäris. Bu ajap zamanada mizemez kanunçylygyň bardygy hemmamize mälimdir. Berk kanunçylyk ygtybarly ösüşiň daýanjydyr. Dana şahyryň arzuwlan zamanasy hem budyr. Magtymguly Pyragy – türkmeniň beýik akyldary. Gündogarynyň beýik şahyrlarynyň biridir. Altyna barabar döredijiligini , bütin manyly ömrüni öz halkyna, mähriban Watanyna bagyşlan , onuň abadanlygy , agzybirligi, özbaşdaklygy ugrunda dürdäne pikirlerini orta atan Magtymgulynyň mertebesi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe has – da beýgelýär. Bu günki gün diňe bir türkmen ykbalyny, edebiýatyny däl, eýsem, bütin dünýäniň nusgawy şygyrýetini hem Magtymgulysyz göz öňüne getirip bolmaýar. Onuň iline bagyş eden altyn setirleri ýüreklerde baky orun tapdy.

Türkmen ruhynyň dördünji eýýamynyň öňbaşçysy bolmak bilen türkmen ykbalynyň hem ruhy jebisliginiň, bütewliginiň mukaddes arzuwyny gursagynda göteren Magtymguly atamyz bu gün goja dünýäniň mizemez pelsepesine, iň beýik aýdymynda, türkmen ykbalynyň beýikliginde görünýär. Onuň beýikligini asyrlar, heňňamlar hem köneldip bilmändir, ol belentlik ynsanýetiň kalbynda ebedi juwanlygy, terligi berýär.

Ýyllar geçýär, asyrlar aýlanýar. Bu gün açylan gülleriň, ýagan ýagyşlaryň lezzeti ertir başgaçarak gülleriň ysy bilen çalşyrylýar. Emma ýüreklerimizde baky ýer eden beýik Pyragymyzyň şygyrýet dünýäsine, ömrüne bolan hormat, söýgi, tagzym üýtgewsizdir. Bu nesilden – nesle geçip gelýän bakylykdyr. Geljekde – de, bu mukaddeslik dowam eder. Bu baky dowamylyk bolsa, biziň alnymyzda ynsanýetiň alnynda durulygy hem çuňlugy açar gider. Pyragynyň dünýäsinde hakyky kämillik bar!

Şahyryň şygyrýet dünýäsinde kiçä sarpa, ula hormat, dünýä, ýaşaýşa söýgi bar. Pyragy öz şygyrlarynda zenan gadyryny hem hormatyny älemde iň beýik ykrara, bakylyga öwrüp bilen ussatdyr.

“Gözel bardyr gözellerden zyýada.
Onuň hyzmatynda durasyň geler,
Edepli ekramly mylaýymzada,
Tä ölünçäň bile ýöräsiň geler”.

– diýýän şahyr, dünýewi pelsepelere garamak bilen zenan mertebesini ezizlik bilen hem mukaddeslik derejesine götermegi başarýar. Ussat şahyrymyzyň garaşan arzuwlan zamanasy “ Çoh garaşdyk ajap eýýam gelmedi!” diýen setirleri bu günki gün Hormatly Prezidentimiziň zamanasynda amal edildi.

Türkmen milleti Magtymguly Pyraga uly hormat hem-de sarpa goýýar. Oňa hormatly Prezidentimiziñ taýsyz tagallasy bilen Aşgabadyň ilersinde Köpetdagyň eteginde dikeldilýän uly heýkelini mysal getirse bolar. Bu heýkel türkmen halkynyñ 2024-nji ýylda beýik akyldaryñ doglan gününiñ 300 ýyllyk baýramçylygyna görülýän taýynlygyñ ýokary derejede alnyp barylýandygynyñ aýdyñ subutnamasydyr.

Halkymyz bagtyýar hem erkin durmuşda ýaşaýar. Şunuň ýaly bagtly durmuşy bize peşgeş beren Gahryman hem Mähriban Prezidentimiziň jany sag başy dik bolsun. Goý, içeri hem daşary syýasatda alnyp barýan işleri mundanam beýläk rowaçlyklara beslensin.

Senemgül ALLAKOWA
TDIM iniñ Halkara gatnaşyklary institutynyñ

Halkara žurnalistikasy fakultetiniñ I ýyl talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok