Her bir güni asyrlara barabar ösüşlere beslenip, taryha altyn harplar bilen ýazylýan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistan döwletimiz halkara gatnaşyklar ulgamyndaky ornuny has-da berkidýär. Häzirki wagtda ýurdumyz dünýäniň 146 (2018ý.) döwleti bilen dostlukly diplomatik gatnaşyklary alyp barýar. Munuň özi ýurdumyzyň dünýä ýüzündäki abraý-mertebesiniň örän ýokarydygyny, halkara gatnaşyklarynda dünýä döwletleriniň Türkmenistan bilen ählitaraplaýyn işjeň hyzmatdaşlyklary ösdürmäge bolan islegleriniň barha artýandygyny aýdyň alamatlandyrýar.
Ýurdumyz şeýle dostlukly gatnaşyklary goňşy döwletleriň biri bolan Gazagystan Respublikasy bilen hem birnäçe ýyllardan bäri örän işjeň ýola goýdy. Iki goňşy ýurduň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 5-nji oktýabryndan bäri ýokary depginde alnyp barylýar. Ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurdaky, medeniýet, syýahatçylyk hem-de sport ulgamlaryndaky netijeli hyzmatdaşlyklar günsaýyn ösdürilýär. Şeýle hem iki ýurduň arasynda abraýly halkara we sebit guramalarynyň hem-de düzümleriniň çäklerinde işjeň hyzmatdaşlyk edip, birek-birege özara goldaw bermek yzygiderli dowam etdirilýär. Gazagystan Respublikasy Türkmenistan tarapyndan başy başlanan BMG-nyň Baş Assambleýasynyň Kararnamalarynyň 16-synyň awtordaşy bolup çykyş etdi.
Ýurdumyz Gazagystan Respublikasy bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmekde hem bilelikdäki hökümetara toparyň işine möhüm orun berýär. Şu günler, ýagny 24-25-nji oktýabrda bu döwletiň Prezidenti hormatly Kasym-Žomart Tokaýewiň biziň ýurdumyzda döwlet saparynda bolmagynyň hem bu ugurda alnyp barylýan işlere örän ýokary baha berilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Hormatly Prezidentimiz hem özüniň çykyşlarynda ýurdumyz bu goňşy döwletimiz bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde üstünlikli hyzmatdaşlyk edýändigini, şeýle-de, dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnuklylygy üpjün etmek, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ýaly sebit we ählumumy gün tertibiniň ileri tutulýan meseleleri boýunça taraplaryň eýeleýän ornunyň ýakyndygy halkara derejede netijeli gatnaşyk etmäge berk binýat bolup durýandygyny jaýdar belläp geçyär.
Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmekde türkmen we gazak halklarynyň gadymy doganlyk hem-de birek-birege hormat goýmak ýörelgelerine daýanylýar. Iki döwletiň halkara gatnaşyklarynda parahatçylyk söýüjilik hem-de ynsanperwerlik ýörelgelerine ygrarly bolmagy abraýly halkara düzümleriň çäklerindäki ýakyn gatnaşyklary, ählumumy we sebit ösüşiniň esasy meseleleri boýunça özara düşünişmek ýörelgelerini ösdürmek üçin oňyn binýat bolup durýar.
Häzirki wagtda goňşy ýurtlaryň ägirt uly ykdysady we serişde kuwwatynyň doly derejede amala aşyrylmagyna gönükdirilen täze bilelikdäki taslamalaryň, şol sanda gazhimiýa pudagyndaky wezipeleriň durmuşa geçirilmegine, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň, şol sanda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerinde ýola goýulýan gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine bolan özara gyzyklanmalar günsaýyn artýar. Bu bolsa ýurdumyzyň halkara gatnaşyklar ulgamynda bu goňşy döwlet bilen hem alyp barýan ähli ugurdaky hyzmatdaşlyklaryny has-da pugtalandyrmagynda örän ähmiýetlidir.
Gurbanjemal ÖDEGURBANOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby.
Teswirler