Merkezi Aziýanyň iň uly derýasy Amyderýa hasaplanylýar. Bu Owganystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň çäklerinden akyp, Aral deňzine guýulýar. Amyderýa güneşli diýarymyz Türkmenistanyň hem-de Özbegistanyň, Owganystanyň tebigy araçägi hasaplanýar. Uzynlygy 1 415 kilometr, goşandy Penj derýasy bilen 2 540 kilometr. 1 000 kilometri diýarymyzyň Lebap welaýatynyň çäginden geçip, Garagum derýasy hem öz gözbaşyny Amyderýadan alyp gaýdýar. Amyderýanyň adatça suwunyň
mukdary 2 000-2 200 metr kub/s, İyun-İyul aýlarynda daglardaky garlaryň eremegi netijesinde joşup 4 000-6 000 metr kub/s-a ýetýip awgust aýlarynda ýene-de öňki derjesine gelýär, gyşyna bolsa 500 metr kub/s-a çenli kemelýär. Derýanyň suw derejesiniň üýtgäp durmagy oba-hojalyk ekinlerini suwarmakda örän uly ýeňillikleri döredýär
Diýarymyzyň gan damary hasplanýan Amyderýanyň ýyllyk akymynyň derejesiniň mukdary 64 kilometr kub deňdir. Ol öz gözbaşyny Owganystandaky belentligi 4900 metr bolan Hindiguşdaglarynyň demirgazyk eňňidindäki Wrezewskiý buzlygyndan alyp gaýdýar. Owganystanda Wanjirderýasy hem-de Wahanderýa ady bilen akyp geçip Wahşyň Penje guýýan ýerinden başlap galan ähli ýerde Amyderýa adyny göterýär. Bu derýa Gunduz, Surhab, Kafirnigan we Surhanderýa goşant bolup hyzmat edýär.
Amyderýa dünýädäki iki opgunly derýanyň biri hasaplanýar. Ol iň bulanyk suwly derýalaryň biridir. Derýanyň her metr kub suwunyň düzüminde 3kilograma çenli gyrmynça bardyr, derýa joşanda ol 5-7 kilograma çenli köpelýär.
Amyderýanyň halkyň hal ýagdaýyny ýeşilleşdirmekde-de uly orny bardyr. Termez şäherinden Aral deňzine çenli gämi gatnaýar. Onuň kenarynda Termez, Kerki, Türkmenabat, Ürgenç, Nöküs, ýaly şäherler ýerleşýär, bu ýerlerde bolsa süýji suwuň bollygy sebäpli ekerançylyk, maldarçylyk ösendir. Amyderýanyň suwy bilen merkezi Aziýa ýurtlarynda we Owganystanyň 8 million gektardan gowrak ýer suwarylýar. Amyderýadan Garşy, Amy-Buhara, Türkmenderýa ýaly kanallar suw alýar. Derýanyň suwuny tygşytly ulanmak üçin onuň goşantlarynyň we hanasynyň ugrunda Nurek, Ragun, Düýeboýun ýaly uly suw howdanlary guruldy. Bu desgalar derýanyň suwuny arassalap suwy tygşytlamaga örän uly ýardam berýär.
Gan damarymyz hasaplanýan derýamyza gadymda Oks (Oguz) derýasy hem diýlipdir. Häzirki döwürde bolsa oňa gepleşikde Jeýhun diýilýär. Derýanyň bu ady araplar tarapyndan dakylyp ol däli diýmegi aňladýar. Derýa Jeýhun adynyň berilmegi onuň suwunyň durgunsyzlygy bilen bagly
hasaplanýar.
Amyderýa Ata Watanymyz Türkmenistanyň geografikiýerleşişinde, oba hojolygynda örän orny eýeleýär.
Aknur ALLABERDIÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.
Teswirler