ÝAŞAÝYŞ TEBIGATDAN BAŞLANÝAR

Berkarar Döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanda tebigaty goramak, ekologiýany arassa saklamak boýunça alynyp barlýan işlerinin ýaş nesliň arasynda wagyz etmek olarda tebigata bolan söýgüni has-da oýarmak maksady bilen Türkmenistanyň tebigaty goramak jemgyýeti bu günki çün uly işleri alyp barýarlar.

Türkmenistanyň Oguzhan adyndaky inžener tehnologiýalar uniwersitetinde talyp ýaşlaryň arasynda Türkmenistanyň tebigaty goramak jemgyýeti «Ýaşaýyş tebigatdan başlanýar» atly wagyz-nesihat çäresini geçirdi. Çäräň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikler» atly kitabynyň 13-nji jilti bilen tanyş edildi. Türkmen tebigatynda gögerýän ot çöpleriň her biriniň dermanlyk häsiýeti bar. Çärede çykyş edenler tebigat bilen adamzadyň arasyndaky aýrylmazbaglanşyk hem sazlaşyk hakynda gyzykly gürrüň berdiler. Biziň owadan tebigatymyz bar. Geljekgi nesillermize gözel tebigatymyzy arassa hem gözel görnüşde ýetirmek üçin tebigi baýlyklarmyzy rejeli hem tygşytly ulanmak hakyndaky çykyşlar çärä gatnaşan talyplarmyzda uly täsir galdyrdy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok