Arnap

Ata Watanymyzyň, Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň Köýten obasynnyň «Gündogar» syýahatçylyk merkeziniň ýakynynda Arnap tokaýjygy ýerleşýär. Özüne çekiji bu tokaýjyk diňe arassa arnap agaçlaryndan emele gelipdir. Bu ösümlik garatikenliler maşgalasyna degişli bolup, agaçlarynyň sany, ululygy we ýaşy boýunça Merkezi Aziýada ýeke-täk Köýten obasynda duş gelýän Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen ösümlik hasaplanýar. Ujypsyzja ýarym gektarjyk ýerde arnap agaçlarynyň dürli hildäki iki müňe golaýy ösüp otyr. Tebigat ýadygärligi statusy berlen bu çaklaň tokaýlyk Köýtendag döwlet goraghanasy tarapyndan goralýar. Ýerli ilatyň arasynda bu ýer «Çylan ata» ady bilen mukaddes ýer hökmünde seredilýär.

Ýerli halkyň arasyndaky rowaýatlara görä, gadym döwürlerde bir keramatly adam çeşme boýunda dynç almak üçin düşläpdir we elindäki hasasyny ýere dürtüp goýýar. Ýere dürtülgi hasadan ýaprak çykyp, kök urýar. Şol ýekeje gögeren agaçdan wagtyň geçmegi bilen köpelip, arnap tokaýjygy emele gelipdir. Şol çeşmäniň suwy bolsa şypaly suwa öwrülipdir we onuň suwunyň düzüminde kükürtli wodorodyň barlygy sebäpli, onuň dermanlyk häsiýete eýedigi alymlar tarapyndan öwrenildi. Bu ýere syýahatçylar we zyýaratçylar özleriniň agyr dertlerinden gutulmak üçin gelýärler.

Gülsüm WALIÝEWA,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň 3-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok