“Netflix” kinoportalynda elýeter bolan trend we köpleriň gyzyklanma bilen görülýän “Kalmar oýunlary” (“Squid Game”) serialy üçin 900 million amerikan dollary möçberinde girdeji alar, bu barada turkmenportal habar saýty “blumberg”-e salgylanmak bilen berýär.
Mundan bir aý töweregi kinoportalda görkezilen bu serial Netflix tarapyndan 21,4 million dollara satyn alyndy. Aksiýalary 7 göterim ýokarlanan bu serial satyn alynan bahasyndan 40 esse köp, ýagny 900 million Amerikan dollaryna barabar girdejä garaşylýar.
“Blumbergiň” ýetirýän statistikalaryna görä, 17-nji sentýabrdan bäri “Kalmar oýunlaryna” “Netflix” kinoportalynda ulanyjylar 1,4 millard sagatlyk wagt bilen tomaşa etdiler. Häzirki wagtda “Kalmar oýunlary” serialy “Netflixde” dünýäniň 94 ýurdunda iň köp tomaşa edilýän filmleriň ilkinji 10-lugynyň başyny çekýär.
Gülnabat SAPAROWA
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş
institutynyň “Dünýä ykdysadyýeti” hünäriniň talyby
Teswirler