Betbagytçylyklaryň howpuny azaltmagyň halkara güni

Halkara günleri esasan näme maksat bilen bellenýär? Bu sowalyň üstinde
durup geçeliň! Köp döwletleriň bir agyzdan goldamagy netijesinde dünýäde esasan üns merkezinde duran meseleleriň çözülmegine ýardam etmek maksady bilen halkara günleri bellenilýär. Adamlaryň ünsini bir ýerde jemlemek we olaryň bilelikde emele getirip biljek güýçleri bilen howpyň öňüni alyp boljagyna ynanmak bilen bu günleri bellemek makul bilenýär. Sesimizi näçe uzaga eşitdirip bilsek derdimize derman tapmak aňsat bolýar, şu nukdaýnazardan hem Birleşen Milletler guramasynyň başda durmagynda dünýäde asudalygy, parahatçylygy, adamlaryň ýaşaýyş durmuşyny gowlandyrmak we başgada möhüm meseleleri çözmek maksady bilen halkara günleri döredilýär.

Ýer ýüzünde betbagytçylyklaryň howpyny azaltmak maksady bilen Birleşen Milletler guramasynyň ýolbaşçylygynda her ýylyň 13-nji oktýabrynda “Betbagytçylyklaryň howpuny azaltmagyň halkara güni” bellenip geçilýär. 1989- njy ýyldan bäri bellenilýän bu gün 2009-njy ýylda doly resmileşdirildi we halkara derejesinde her ýylyň 13-nji oktýabrynda bellenilýär. Dünýäde döreýän zyýanly zatlaryň öňüni alamk, adam saglygyna we ruhyna zyýan ýetirip biljek zatlary ýok etmek, tebigatymyzy zyýanly serişdelerden goramak, geljekki nesillerimize arassa, owadan dünýäni miras galdyrmak üçin bütin adamzat şu günden aýaklandy. Diňe bir 13-nji oktýabrda däl, eýsem biziň her günimiz öz ýaşaýan dünýämizi has gözelleşdirmek için geçirilýän işlere sarp edilmeli. Çünki şu günde etýän işimiz ertirki dogjak güneşiň ýiti şöhlelerini şuglalandyrýar. Dünýä biziň elimizde, ähli zat özümize bagly. Şu günden betbagytçylykly howpyň öňüni almaly we geljegimiz we nesillerimiz üçin ajaýyp dünýä gurmaly. Her ýylyň 13-nji oktýabrynda dünýäniň köp döwletlerinde köpçülikleýin çäreler gurnalýar. Köp sanly adamlar bu çärelere işjeň gatnaşýarlar we öz alyp barýan işlerini saýtlaryň üsti bilen bütin adamzadyň dykatyna ýetirýärler. Şeýlelikde ýyl saýyn dünýämizde döreýän betbagytçylykly hadysalaryň öňüni almak maksady bilen edilýän işleriň sany artýar.

Alnyp barylýan işleriň aýdyň mysaly hökmünde Birleşen Milletler
guramsynyň ykrar etmegi bilen “Durnukly ösüş maksatnamalary” kabul edildi we bu maksatnamanyň çäginde 17 durnukly ösüş maksarlary hereket edýär. 2030-njy ýyla çenli bu maksatlara ýetmegimiz üçin halklaryň başda durmagynda häzirden köp işler amala aşyrylýar. Şol ülkeleriň arasynda biziň ýurdumyz hem işjeň çykyş edýär.

Aýmyrat GARAŞOW
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok