Dynç güni Türkmenistanyň Prezidenti Saglyk ýoluny geçdi we welosipedli gezelenç etdi

Dynç güni säher bilen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Saglyk ýoluny geçip, sport maşklary bilen meşgullandy. Döwlet Baştutanymyz Saglyk ýoluny geçip,  bu ýeriň gözelliklerini, dag etekleriniň tebigy aýratynlyklaryny synlady. Milli Liderimiz Saglyk ýoluny geçip köp kilometrlik aralygy pyýada geçdi.

Döwlet Baştutanymyz Saglyk ýoly boýunça guralan ýörişi tamamlandan soň, welosipedli gezelenji amala aşyrdy.

Saglyk ýoluny geçmek ynsanyň beden we ruhy taýdan sagdyn, giň gözýetimli bolmagyna oňaýly oňyn ýardam berýär. Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen köpçülikleýin bedenterbiýe hereketini hem-de ýokary netijeli sporty ösdürmek, sagdyn durmuş ýörelgesini kemala getirmek boýunça çäreler ýurdumyzda asylly kada öwrüldi. Munuň özi jemgyýetimizde jebisligi pugtalandyryp, zyýanly endiklere, şol sanda ýokanç kesellere garşy durmaga ýardam berýär.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok