Türkmen binagärligi dünýä ýaň salýar

Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda ýurdumyzda binagärlik sungaty we esasanam binagärligiň milli äheňlerde bezeg bermegine uly üns berilýär. Belläp geçsek ýurdumyzda gurlup ulanylmaga berilen ähli täze binalarda türkmen halysynyň gölleri, milli sekizburçlyklar, milli nagyşlar we türkmen bedewiniň nyşanlary ýaly şekilleri synlamak bolýar. Paýtagtymyz Aşgabadyň Arçabil şaýolunyň ugrunda ýerleşen döwlet edaralarynyň binalarynda hem hersiniň öz ugry we ýetirýän täsiri bilen baglanyşykly bina edilendirler. Has dogrusy, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň binasynda kitabyň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ýer şarynyň we başga-da ministrliklerde özboluşly sazlaşdyrylan şekilleri görüp bolýar.

Mundan başga-da türkmen milli binagärlik sungatyna dünýä ýüzi hem aýratyn gowy bahalary berýärler. Häzirli wagtda ýurdumyzda bina edilen dürli desgalardan köpüsi Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi.

Edil şu günlerde bolsa, Dubaýdaky geçirilýän EKSPO – 2020 sergisine biziň türkmen powilýonymyz hem aýratyn görk goşup durandyr. Sebäbi, ol powilýonyň öňünde biziň bedew atlarymyz, powilýonyň öz girelgesinde uly ahalteke atynyň kellesi, içinde bolsa milli nagyşlarymyzdyr-göllerimiz ýer alan bolup durýar.

Ymammuhammet Agalyýew,
Türkmen döwlet binagärlik – gurluşyk institutynyň
Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok