“Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda halkymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyny uly dabara bilen belläp otyr. Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyz birnäçe ösüşleri, özgerişleri başdan geçirip şanly sepgitlere şeýle-de guwandyryjy netijelere eýe boldy. Olardan käbiri barada durup geçeliň:
- Türkmenistanda döwlet býujetiniň serişdeleriniň 70 göteriminden gowragy durmuş hajatlaryna, adamlaryň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilýär.
- Ýurdumyzda her ýyl zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp haklarynyň möçberi 10 göterim ýokarlandyrylýar.
- Türkmenistan jemi içerki önüminiň ösüş depgini boýunça dünýäniň sazlaşykly ösýän döwletleriniň hataryna girýär. Bütindünýä bankynyň maglumatlaryna görä, Türkmenistan dünýäniň ortaça ösen ýurtlaryndan ýokary girdejili döwletleriň hataryna çykdy.
- Garaşsyzlyk ýyllarynda jemi içerki önümiň möçberi 8,4 esse ýokarlanyp, ýurdumyzyň ykdysadyýetine esasy maýa goýumlarynyň jemi möçberi 209 milliard amerikan dollaryna golaý boldy. Şol serişdeleriň 66,6 göterimi, ýagny 140 milliard amerikan dollaryna golaýy önümçilik pudagyna gönükdirildi.
- Garaşsyzlyk ýyllarynda durmuş we önümçilik maksatly iri desgalaryň 2900-e golaýy ulanylmaga berildi.
- Ýangyç-energetika toplumyny nazara almanyňda, Türkmenistanyň jemi içerki önüminde döwlete degişli däl pudagyň paýy 70 göterime ýetdi. Dünýäde emele gelen ýaramaz ýagdaýa garamazdan, 2020-nji ýylyň jemleri boýunça jemi içerki önümiň ösüşi 5,9 göterim derejede üpjün edildi.
- Soňky 20 ýylyň içinde Türkmenistanda agaç nahallarynyň 90 milliondan gowrak düýbi oturdyldy. Şu ýyl bolsa ýurdumyzda olaryň ýene-de 30 milliondan gowragy ekilýär.
Jennet BABAÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
TMDDI-niň talyby.
Teswirler