Dünýäniň öňdebaryjy we abraýly žurnaly bolan “Time” žurnaly dünýäniň iň täsirli 100 adamlarynyň sanyny çap etdi. Adatça bu neşir her ýyl täzelenip, sanawlar üýtgäp durýar.
Neşiriň daşky jildinde, geçen ýyl özleriniň korollyk borçlaryndan ýüz öwrüp, Beýik Britaniýadan Kaliforniýa göçüp baran, Britan şazadasy Garri we onuň aýaly Megan Markly görmek bolýar.
Žurnalyň öz daşky jildinde şazadanyň aýaly bilen suratyny ýerleşdirmeginiň ýene bir sebäbi, Garri, 15-nji sentýabrynda doglan gününi belledi.
Time neşiriniň bu ýylky sanawyna aýdymçylar Britni Spirs, Billi Aýliş, kantri sazynyň ýyldyzy Dolli Parton, tennisçi zenan Naomi Osaka, Apple kompaniýasynyň baş drektory Tim Kuk, aktrisalar Keýt Uinslet, Skarlett Ýohanson girdiler.
Sanawyň liderler bölüminden Prezident Jo Baýden, Hytaýyň başlygy Si Szinpin, öňki Prezident Donald Tramp we Bütindünýä Söwda Guramasynyň baş direktory Ngozi Okonjo-Iweala orun aldy.
Gülnabat SAPAROWA
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş
institutynyň “Dünýä ykdysadyýeti” hünäriniň 4-nji ýyl talyby.
Teswirler