BMG-nyň Ösüş Maksatnamasy insuliniň ilkinji tapgyryny Türkmenistana getirdi

BMGÖM süýjikeseli bejermek üçin wajyp derman bolan insuliniň ilkinji tapgyryny Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine (TSGDSM) gowşurdy. Birinji tagyra çalt hereket edýän insulinler – Aktrapid we Mikstard girýär. BMGÖM ýakyn wagtda Ýewropanyň öndürijilerinden beýleki görnüşli insulini, ruçka-şprisleri we iňňeleri üpjün eder. Insulinleriň umumy bahasy 1,8 million amerikan dollaryndan gowrak möçbere deňdir.

Insulin bilen üpjün etmek BMGÖM we TSGDSM arasynda 2020-nji ýylyň dekabrynda gol çekilen ýokanç däl kesellere (ÝDK) gözegçilik etmekde ýardam boýunça taslamasynyň çäginde amala aşyryldy. Býujeti 32,8 million amerikan dollaryna barabar bolan, bu taslama Türkmenistan Hökümeti tarapyndan dolulygyna maliýeleşdirilýär we ýürek-damar, onkologiki, endokrin, newrologiki kesellerini we dem alyş synalarynyň dowamly kesellerini bejermek üçin möhüm dermanlary getirmegi göz öňünde tutýar.

“BMGÖM 36-dan gowrak ýurtlara lukmançylyk maksatly önümlerini satyn almakda ýardam edýär. Olaryň arasynda Ukraina, Gazagystan, Eýran, Moldowa we Türkmenistan bar. Halkara guramalaryň üsti bilen satyn almalar iň amatly bahalar boýunça ýokary hilli dermanlar bilen üpjün etmäge mümkinçilik berýär”, – diýip BMGÖM Türkmenistandaky maksatnama departamentiniň ýolbaşçysy Röwşen Nurmuhamedow belleýär. “BMGÖM inçekesel boýunça Global gaznasynyň grantyň çäginde 2010-njy ýyldan bäri Türkmenistanda inçekeseliň öňüni almak we göreşmek boýunça milli maksatnamasy üçin lukmançylyk maksatly önümlerini satyn alýar. 2016-njy ýyldan başlap, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň haýyşy boýunça biz şeýle-de beýleki ýokanç keseller üçin anyklaýyş we derman serişdelerini satyn almaga hem kömek edýäris. 2020-nji ýyldan bäri TSGDSM bilen hyzmatdaşlygymyz ýokanç däl keseller babatynda giňeldi. Häzirki global çylşyrymlylyklar we üpjünçilik zynjyrlary kesilen hut häzirki wagtda üznüksiz we ýokary hilli saglygy goramak boýunça hyzmatlaryny bermek üçin öz goşandymysy goşup bilýändigimize begenýäris”.

BMGÖM tarapyndan derman serişdelerini satyn almak, aç-açan açyk halkara bäsleşik esasynda Daniýanyň Kopengagen şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasy derejesinde amala aşyrylýar. Tekliplere garalanda, derman serişdeleriniň hiliniň halkara standartlaryna berk laýyk bolmagy göz öňünde tutulýar. Hil ölçegleriniň giňişleýin toplumyny BMGÖM web saýtynda: https://www.undp.org/publications/undp-quality-assurance-policy-health-products we anyk bäsleşik resminamalarynda tapyp bilersiňiz.

Habar beriji maglumatlar

Süýjikesel dünýäde kesellemegiň we ölümiň esasy sebäplerinden biri bolup galýar. BSGG-nyň maglumatlaryna görä, bu kesel bilen dünýäde 422 million adam ejir çekýär – bu bolsa ýer ýüzündäki 11 adamdan biri. 2030-njy ýyla çenli süýjikeseli bolan adamlaryň sany köpeler, esasanam, pes we orta girdejili ýurtlarda. 1-nji görnüşli süýjikesel (ozal insuline bagly ady bilen bellidi) insuliniň ýeterliksiz işlemegi bilen häsiýetlendirilýär we gündelik insuliniň girizilmegini talap edýär. 1-nji görnüşli süýjikeseliniň sebäbi ýa-da onuň öňüni almagyň serişdeleri belli däl. 2-nji görnüşli süýjikeselinde (insuline bagly bolmadyk süýjikeseli) organizm insulin öndürýär, ýöne ony dogry ulanyp bilmeýär. 2-nji görnüşli süýjikeseliň öňüni almak ýa-da sagdyn iýmitlenmek, yzygiderli beden işjeňligi, bedeniň kadaly agramyny saklamak we temmäki ulanmagy taşlamak arkaly onuň öňüni alyp ýa-da gijikdirip bolýar. Islendik görnüşli süýjikeseli bejermek mümkin, onuň gaýraüzülmelerini bolsa berhiz, beden işjeňligi, bejergi we yzygiderli lukmançylyk barlaglary arkaly öňüni alyp ýa-da gijikdirip bolýar.

2022-nji ýylda dünýä Toronto Uniwersitetiniň alymlary F.Makleod we J.Banting tarapyndan insuliniň tapylmagynyň 100-ýyllygyny bellär, olar fiziologiýa we lukmançylyk boýunça Nobel baýragy bilen sylaglandy. 100-ýyllygyny bellemek üçin Bütindünýä Saglyk Guramasy süýjikeseliň öňüni almak we süýjikeseli bilen ejir çekýän ähli adamlary bejermek boýunça hereketleri işheňleşdirmäge çagyrýan Süýjikesel bilen göreşmek boýunça Global paktyny döretmek başlangyjy bilen çykyş etdi.

.

Çeşmesi: BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky ofisi.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok