Oba hojalyk tehnikalarynyň nobatdaky tapgyry gelip gowuşdy

Türkmenistanyň oba hojalyk toplumyna, bu ugurda iş alyp barýan telekeçilere dünýä belli «John Deere» kompaniýasynyň oba hojalyk tehnikalarynyň nobatdaky tapgyry gelip gowuşdy. Bu barada «Türkmenistan» gazeti gabar berýär.

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Änew şäherinde täze tehnikalaryň gelip gowuşmagy mynasybetli geçirilen dabarada «Gündogar akymy» hojalyk jemgyýetiniň hünärmeni Aman Myradow şeýle diýdi:

Türkmenistanyň Prezidentiniň goldaw-hemaýatlary bilen, hojalyk jemgyýetimize oba hojalyk tehnikalaryny satyn almak üçin 5 ýyl möhletli karz pul serişdeleri berildi. Şeýlelikde, «John Deere» kysymly traktorlaryň 40-sy, kombaýnlaryň 8-si, ekiji hem-de ideg ediji tehnikalaryň 37-si satyn alyndy.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary döwlet Baştutanymyzyň tagallalary netijesinde alnyp berlen täze tehnikalary uly buýsanç bilen kabul etdiler. Türkmen telekeçileri üçin dünýä ölçeglerine laýyk gelýän «John Deere» kysymly täze traktorlaryň, tirkeg gurallarynyň we derman serişdelerini sepiji enjamlaryň ýurdumyza getirilmegi oba hojalyk işlerini gysga möhletde tamamlamaga amatly şertleri döreder.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok