Zehin bäsleşiginiň täzelikleri.

Salam mähriban okyjylar, eziz telegörijiler! Biziň “Zehin bäsleşigimiziň” bu sanyna Dokma senagaty pudagyndan gelen myhmanlar gatnaşarlar. Şeýlelik-de, olar berlen logiki sowallarymyza özboluşly, täsin jogap bererler. Biziň beýleki şertlerimiz hem siziň göwnüňizden tursa gerek…

Bilşimiz ýaly, geçen sanymyzda biz tomaşaçylar üçin GDA-nyň döredilen gününi we şäherini sorapdyk. Ol sowallarymyza hem tomaşaçylarymyz, has dogry Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan Eje etrabynyň ýaşaýjysy Gurbanmämmet Meredow we Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň ýaşaýjysy Leýli Nuryýewa dogry jogap bermegi başarýarlar. Ol dogry jogaby bolsa, siz gepleşige tomaşa edip öwrenip bilersiňiz!

Şeýle-hem, gepleşigiň bu sanynda siz meniň hüwdümi diňläp bilersiňiz!

Ýunus Allanazarow,
“Zehin bäsleşigi”.

@zehinbaslesigi_official

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok