“Demokratiýa we hukuk” žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy

Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty tarapyndan türkmen, iňlis we rus dillerinde çärýekde bir gezek neşir edilýän «Demokratiýa we hukuk» ylmy-amaly žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy.

Žurnalyň ilkinji sahypalary Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Milli Geňeşiň iki palatasynyň bilelikdäki birinji mejlisinde Halk Maslahatynyň agzalarynyň öňünde durýan möhüm wezipeler baradaky çykyşy bilen açylýar.

Žurnalda mundan başga-da ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy pugtalandyrmak ugrunda üýtgewsiz çykyş edýän ýurdumyzyň strategik ugurlary beýan edilýän milli Liderimiziň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň parahatçylygyň we ynanyşmagyň hatyrasyna halkara hyzmatdaşlygy” atly halkara maslahatda, şeýle hem Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ylym we tehnologiýalar boýunça ikinji sammitindäki eden çykyşlary şeýle-de “Türkmenistan — BMG: adam hukuklary babatda hyzmatdaşlyk”, “Hukuk bozulmalarynyň öňüni almak: milli däpleriň we döwrebap usullaryň utgaşdyrylyşy”, “Türkmenistanyň Garaşsyzlygy: parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanan ösüşler” atly ylmy-amaly makalalar ýerleşdirilipdir.

Neşiriň nobatdaky sanyny maglumatlar toplumy jemleýär, olarda okyjylara ýylyň ikinji çärýeginde abraýly guramalaryň wekilleriniň hem-de bilermenleriniň gatnaşmagynda geçirilen duşuşyklara, okuw maslahatlaryna berlen syn hödürlenýär.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok