Balkanabat halkara howa menziliniň düýbi tutyldy

Bu gün gün-günden gözelleşýän gadymy Balkan topragynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda soňky nesillere ýadygär galjak täze Balkanabat halkara howa menziliniň düýbi tutyldy. Häzirki Jebeliň 5 km günbatarynda ýerleşen täze halkara howa menzili möhüm strategik çäkde ýerleşýär. Toplumyň umumy meýdany 275 ga eýeleýär. Taslamanyň düzüminde döwrebap ýolagçy terminaly, howa herekediniň dolandyryş gullugynyň diňi, ýük terminaly, ýangyna garşy we heläkçilikde halas ediş gullugynyň binasy we başgada birnäçe binalaryň taslamalary ýerleşdirilendir. Uçuş-gonuş zolagynyň 3200 m uzynlykda bolmagy göz öňünde tutylýar.
Menziliň türkmen milli binagärlik ýörelgelerine esaslanýan binalar toplumynyň döwrebaplygy, ýokary amatlylygy, ösen tehnologiýa mümkinçilikleri bilen Raýat awiasiýasy halkara guramasynyň, ICAO-nyň halkara howa gatnawlaryna bildirilýän talaplaryna mynasyplygy gazanmak şertine eýe bolup biler. Häzirkizaman howa menzilleri ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň ösüş derejesini ýokarlandyrmakda köpugurly wezipeleri amala aşyrýarlar. Şeýlelikde, Bitarap Türkmenistan döwletimizde halkyň abadan durmuşynyň we bagtyýar geljeginiň hatyrasyna durmuş-ykdysady ähmiýetli taslamalaryň ýene-de biri üstünlikli durmuşa geçirilýär.


Döwletnazarowa Hatyja
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy fakultetiniň talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok