«Wozroždeniýe» şereketi paýtagtyň silden goramaly desgalarynyň gurluşygyny tamamlap barýar

“Wozrozdenie” şereketiniň Türkmenistandaky şahamçasy paýtagtyň silden goramaly desgalar toplumynyň gurluşygynda esasy gazuw işleriniň agramly bölegini tamamlap, beton işlerine başlady. Indi şereketiň öňünde (sil suwuny toplaýjyny, sorujy beketleri, geçiriji, süzüji we baş desgalary öz içine alýan) kanaldyr turbageçirijiler ulgamyny döretmek, bar bolan kanalyň durkuny täzelemek, ýol işlerini tamamlamak we elektrik üpjünçiligini ýola goýmak işleri dur.

2020-nji ýylyň mart aýynda Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabat şäher häkimligine Russiýanyň “Wozroždeniýe” önümçilik birleşigi” paýdarlar jemgyýeti bilen Aşgabat şäheriniň günorta tarapynda silden goraýan desgalar toplumyny taslamak we gurmak barada şertnama baglaşmaga rugsat berýän karara gol çekdi. Aşgabada ýanaşyk ýerleriň abadanlaşdyrylmagyny-da öz içine alýan bu taslama 2022-nji ýylyň sentýabr aýynda ulanylmaga berilmek göz öňünde tutulýar.

“Wozroždeniýe” şereketi tarapyndan teklip edilen toplum taslamasy işlenip düzüldi. Ol esasy sil ýollarynyň boýunda 1-den 6 million kub metre çenli göwrümi bolan sil suwuny toplaýjylaryň gurulmagyny göz öňünde tutýar. Bu ýerde toplanan suw ýörite süzgüçli sorujy beketler arkaly kanallara, soňra bolsa şäheriň daşyna akdyrylar. Bu desga dagdan gelýän laýly ýagyş suwlaryny doly sowmaga, şeýlelik bilen-de, şäheri silden goramaga mümkinçilik berer.

Degişli desgalaryň taslama çözgütleriniň işlenip düzülmegine Russiýanyň iň iri we iň gadymy taslama institutlarynyň biri şeýle-de desgalary taslamak boýunça ägirt uly tejribesi bolan “Sewkawgiprowodhoz” gatnaşdy.

Faruh AÝNAZAROW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok