Garaşsyzlyk — bu söz örän köp zady öz içine alýar. Agzybirlikde, jebislikde, asudalykda barha berkidilýän beýik Garaşsyzlygymyz halkymyzyň häzirki hem geljekki nesilleriniň bagtly ykballarynyň, ýagty ertirleriniň gözbaşydyr. Dünýä halklaryna özüniň dostluk-doganlyk goluny uzadýan türkmen halkynyň geljegi aýdyň maksatlardan doly. Bu günki gün Gahryman Arkadagly, asly halal, rysgal-bereketli, sahawatly toprakly, mukaddes watanly, Garaşsyz döwletli türkmen halky asuda asmanyň astynda, owadan Diýarda özüni juda bagtly, erkana duýýar. Döwletli döwrana eýe bolan halk özüniň beýik Garaşsyzlygynyň miwelerini, eşretini görüp, oňa guwanyp ýaşaýar. Halkymyz oba hojalygynda, ylym-bilimde, saglygy goraýyşda, medeniýetde, sungatda, sportda, umuman, ähli ulgamlarda gazanýan ajaýyp üstünliklerine buýsanmaga doly hakly.
Diýarymyzda öndürilýän dürli görnüşli önümler dünýä bazarlarynda öz mynasyp ornuny tapýar. Uly isleg bildirilýän önümleriň bäsdeşlige ukyplylygy ykrar edilýär. Bu bolsa mukaddes Garaşsyzlygymyzyň gudratydyr, bize eçilen datly miwesidir. Ýurdumyzda gurluşyk işleriniň, şol sanda döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynyň güýçli depginde alnyp barylmagy Gahryman Arkadagymyzyň barha gülledýän Diýarynda il-ýurt bähbitli amala aşyrylýan işleriň bimöçberdigine, «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgäniň üstünlikli durmuşa geçirilýändigine güwä geçýär.
Pederlerimiziň yhlasynyň, arzuwlarynyň, amala aşyrylan ummasyz işleriň netijesinde, agzybir halkymyz Garaşsyz ýurduny — berkarar döwletini gurdy, milli baýlyklarynyň hak eýesi boldy. Taryh üçin gaty bir uzak döwür bolmadyk 30 ýylyň içinde bu mizemez bagtyny — mukaddes Garaşsyzlygyny has-da berkitdi. Biziň bu ajaýyp döwrümiz — Garaşsyzlyk eýýamymyz «Berkarar döwlet istärin» diýen akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň arzuwlan, «çoh garaşan» zamanasydyr. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaşaýan türkmen halky indi «Pyragynyň arzuwlan zamany geldi » diýýär. Her bir türkmen şunuň ýaly eşretli durmuşda ýaşaýandygyna buýsanmalydyr, Watanyny başyna täç etmelidir, mukaddes Garaşsyzlygyň, baky Bitaraplygyň, bagtyýarlygyň, eşretli ýaşaýşyň gadyryny bilmelidir.
Bahargül BEGMYRADOWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň mugallymy.
Teswirler