Ekologiýa abadançylygy ugrunda

  Türkmenistanda tebigaty goramak, onuň baýlyklaryny rejeli peýdalanmak, daşky gurşawy sagdynlaşdyrmak döwlet syýasatynyň möhüm wezipeleriniň biri bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça 2008-nji ýylda milli senenamamyza girizilen Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni ýurdumyzda aýratyn bellenilýän baýramçylyklaryň biridir. Ýurdumyzda daşky gurşawy goramak, tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak meselelerine degişli halkara forumlar, maslahatlar, tejribe okuw sapaklary yzygiderli geçirilýär. Jemgyýetiň we ylmy-tehniki ösüşiň möhüm meseleleriniň biri bolan ýokary ekologik medeniýeti kemala getirmek üçin okuw mekdeplerinde, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde  ýaş nesle daşky gurşaw barada üznüksiz nazary we amaly bilim we terbiýe berilýär.

        Döwlet Baştutanymyz “Türkmenistanyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Milli tokaý maksatnmasyny tassyklamak hakynda” Karara gol çekmegi hem-de Türkmenistanyň tassyklan halkara  ekologiýa maksatnamalaryndan we konwensiýalaryndan gelip çykýan borçnamalary ýerine ýetirmek boýunça uly işler alnyp barylýar. Häzirki wagtda Türkmenistanda giň möçberli taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Olar ykdysadyýetimiziň howanyň üýtgemegine uýgunlaşmagyny şertlendirýär. Garagumda “Altyn asyr” Türkmen kölüniň döredilmegi, Milli tokaý maksatnamasy ýaly ähmiýetli taslamanyň durmuşa geçirilmegi netijesinde, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde adam eli bilen emele getirilýän tokaýlaryň tutan meýdanlary has-da giňeldi.

         Hormatly Prezidentimiz howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meselelere uly ähmiýet berýär hem-de olary  çözmek bilen baglanyşykly giň möçberli işleri amala aşyrýar. Türkmen jemgyýetiniň ösüşini tebigy gurşawyň ösüşi bilen sazlaşykly alyp gitmek, ýaşaýşyň ekologiýa taýdan arassa gurşawyny döretmek maksady bilen 2019-njy ýylda Howanyň üýtgemegi barada Türkmenistanyň milli strategiýasy rejelenen görnüşde tassyklanyldy. Rejelenen görnüşdäki Howanyň üýtgemegi barada Türkmenistanyň Milli strategiýasynyň maksady ähli ileri tutulýan pudaklaryň howanyň üýtgemegine netijeli hem-de sazlaşykly uýgunlaşmagynyň we ýurduň pes-uglerodly ösüşine ýardam edýän howanyň üýtgemeginiň öňüni almak boýunça netijeli çäreleri işläp taýýarlamagyň üsti bilen Türkmenistanyň ykdysady, azyk, suw we ekologiýa howpsuzlygyny hem öz içine alýan durmuş-ykdysady ösüşiniň howanyň üýtgemeginiň täsirine durnuklylygyny üpjün etmek, şeýle-de BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasy, Howanyň üýtgemegi boýunça Pariž Ylalaşygy we degişli Durnukly ösüş maksatlary boýunça öz borçnamalaryny wagtynda ýerine ýetirmek bolup durýar.

    Ýurdumyzyň tokaý gaznasyny dikeltmek we artdyrmak, howasynyň ekologik ýagdaýyny gowulandyrmak maksady bilen Köpetdagyň eteginde, paýtagtymyzyň daş-töwereginde, ähli welaýatlarda, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda, uly we kiçi ilatly ýerlerde, ulag ýollarynyň ugrunda, Sarygamyş kölüniň gündogarynda giň möçberli tokaý zolaklary döredildi. Häzirki döwürde artýan ilatyň we ösýän ykdysadyýetiň isleglerini doly we netijeli kanagatlandyrmak maksady bilen ygal we sil suwlaryny toplaýan howdanlar gurulýar. Ýurdumyzyň tebigy we howa aýratynlyklaryny nazara alyp hem-de tokaý zolaklarynyň meýdanlaryny mundan beýläk-de giňeltmek, tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak maksady bilen, döwletimiziň ekologiýa syýasaty üstünlikli dowam etdirilýär.

             Garaşsyz diýarymyzda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda çig mallary tygşytlaýjy, galyndysyz we azgalyndyly innowasion tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Ýurdumyzda “Ýaşyl” ykdysadyýete gönükdirilen işleriň alnyp barylmagy ilatyň maddy ýagdaýlaryny ýokarlandyrmaga hem-de daşky gurşawa oňaýsyz täsirleriň töwekgelçiligini azaltmaga ýardam edýär.            

       Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Arkadagymyzyň başda durmagynda daşky gurşawy goramak, tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmak baradaky bu taýsyz tagallalar “Türkmenistanda jemgyýetiň we döwletiň iň gymmatly hazynasy adamdyr” diýlen ynsanperwer ýörelgäniň amal bolmasyny aňladýar. Kämil jemgyýet, abadan durmuş bolsa, köp babatda, daşky gurşawyň arassalygyna baglydyr. Türkmen halkynyň abadan durmuşda ýaşamagyny üpjün etmekde ylmy esaslary döredýän we beýik işleri amala aşyrýan hormatly Prezidentimize rowaçlyk arzuw edýäris.

Daýançmyrat Pötdiýew,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş
institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok