Bişkek Gyrgyzystanyň paýtagty bolup, ol ýurduň ilaty boýunça iň uly şäheri hasaplanýar. 1825-nji ýylda şäher Kokant hanlygy tarapyndan Bişkek sebitinde gala hökmünde gurulýar. Bişkek 1922-nji ýylda Daglyk oblastynyň merkezi, 1924-nji ýylda Gyrgyz Awtonom oblastynyň paýtagty bolýar. 1926-njy ýylda şäheriň ady Frunze diýlip üýtgedilýär. SSSR-iň dargamagy we Gyrgyzystanyň garaşsyzlygyny alandan soň paýtagtyň adyny üýtgetmek meselesi ýüze çykýar. Şonuň netijesinde 1991-nji ýylda şähere taryhy ady gaýtarylyp berilýär. Biz hem bu ajaýyp şäheriň täsin ýerleri barada okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik.
Döwlet taryhy muzeýi
Ala-Too meýdanynyň demirgazyk tarapynda ýerleşýän Döwlet taryhy müzeýiniň sergi zalynda gadymy döwürlerden şü güne çenli gyrgyz halkynyň köp asyrlyk taryhy we özboluşly medeniýeti barada gürrüň berilýär. Muzeý 1926-nji ýylda esaslandyrylyp, onda ilki öý goşlary, gelin-gyzlaryň şaý-sepleri, ýaraglar görkezilipdir. Muzeý binasy häzirki wagtda dürli bölümlere bölünip, onuň iň uly bölüminde Gyrgyzystanyň taryhynda Sowet döwrüne, esasanam uruşdan soňky ýyllarda oba hojalygynyň we ýeňil senagatnyň ösüşine bagyşlanandyr.
Ala-Too meýdany
Bişkeki ähli syýahatçylyk ýollarynyň kesişýän ýeri giň Ala-Too meýdanydyr. Bu ýer dabaralaryň we halk festiwallarynyň geçirilýän ýeridir. 2011-nji ýyldan bäri onuň merkezinde “Manas” halk eposynyň gahrymanynyň 10 metrlik at heýkeliniň bolmagy tötänden däldir. Meýdanyň günorta böleginde bürünçden ýasalan, rus we gyrgyz edebiýatynda hekaýalary we romanlary bilen dünýäni haýran galdyran Çingiz Aýtmatowyň heýkelini synlamak bolýar.
Frunze ýadygärligi
Meşhur Frunze ýadygärligi şähere otly bilen baran ähli myhmanlary gujak açyp garşy alýan Bişkekiň iň ajaýyp ýerleriniň biridir. Bu heýkel 1967-nji ýylda gurlup, Sowet monumentalizminiň nusgawy mysaly hasaplanýar. Şäheriň ýaşaýjylary üçin bu ýadygärlik, Oktýabr rewolýusiýasyna gatnaşan serkerdeleriň arasynda meşhur Frunzeniň hatyrasyna hormatdyr. Şäher 1926-njy ýyldan 1991-nji ýyla çenli meşhur serkerdäniň adyny göterdi.
Aýgül MÄTIÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň IV ýyl talyby.
Teswirler