Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda düýpli abatlaýyş işleri geçiriler

Türkmen halkynyň milli buýsanjy we baýlygy bolan behişdi bedewleriň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak, ýurdumyzda atçylyk sportuny giň gerimli ösdürmek, şeýle hem mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramyny ýokary derejede belläp geçmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmen atlary” döwlet birleşigine Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda düýpli abatlaýyş işlerini geçirmek barada “Nur bina gurluşyk” hususy kärhanasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

Düýpli abatlaýyş işlerine 2021-nji ýylyň iýun aýynda başlamak we bu işleri 2021-nji ýylyň sentýabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi. Bu barada TDH habar berýär.

Selimmuhammet Hojamyradow,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň
Inžener-mehanika fakultetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok