Döwrebap konstitusion özgertmeler

Ýurdumyzda her bir adamyň hukuklaryny hem azatlyklaryny kepillendirmäge, jemgyýetde raýat asudalygyny we milli agzybirligi üpjün etmäge gönükdirilen çäksiz işler amala aşyrylýar.

Döwlet – bu ata-babalarymyzyň asyrlar boýy arzuwlap gelen bahasyna ýetip bolmajak baýlygydyr. Gysga wagtda, ýurdumyzyň döwlet gurluşynda we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda uly özgertmeleriň bolup geçmegi, milli Liderimiziň Watanyň we halkyň öňündäki taryhy hyzmatydyr.

Konstitusiýamyz – Esasy Kanunymyz hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän özgertmeleriniň üstünlikli ýerine ýetirilmegine syýasy we hukuk esasy bolup durýar.

 Döwletimiziň Esasy Kanuny – uzakmöhletli hereket edýän kadalaşdyryjy hukuk nama bolup, onuň many-mazmuny bu namanyň hukuk derejesi bilen kesgitlenýändir. Ol döwürleriň we nesilleriň, halkyň agzybirliginiň we jebisliginiň beýik maksatlara, jemgyýetimiziň saýlap alan parahat, rowaçlyk ýoluna üýtgewsiz ygrarlylygynyň üznüksiz arabaglanyşygynyň aýdyň beýanydyr.

Hil taýdan täze, iki palataly ulgama geçilmegi hem milli kanunçylygy döwrüň talaplaryna laýyk derejede özgertmegiň möhüm ugurlarynyň biridir.

Halkara tejribesi  we jemgyýetimizde gazanylan üstünlikler nazara alnyp geçirilýän konstitusion özgertmeler ýurdumyzda demokratik kadalaryň dabaralanmagydyr. Mälim bolşy ýaly, halkymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylan şanly wakalaryň biri hem “Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”Konstitusion kanunyň kabul edilmegidir. Şeýlelik-de, döwlet Baştutanymyzyň taryhy başlangyçlary bilen yglan edilen konstitusion özgertmeler kuwwatly döwlet gurmak ýolunda mähribän halkymyza doly derejede gulluk etmek ukyby bolan döwlet häkimiýet edaralarynyň işiniň kämilleşdirilmegine gönükdirilendir.

Döwlet gurluşyny, hukuk ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmäge, ata Watanymyzyň parahatçylygyň we ösüşiň ýoly bilen täze sepgitlere ýetmegini üpjün etmäge gönükdirilen yzygiderli çäreler durmuşa geçirilýär.

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen kabul edilen döwrebap konstitusion özgertmeleriň täze tapgyry munuň aýdyň mysalydyr.

“Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy” esasynda ähli ugurlary döwrebap we innowasion ösüşler gurşap aldy. Durnukly ösüş syýasatynda sebitleriň ykdysady babatda ýokary depginli ösüşini gazanmak, taze innowasion önümçilikleri döretmek, ekologiýa taýdan arassa, bäsdeşlige ukyply, daşarky önüm öndürijilerden satyn alynýan önümleriň ornuny tutýan taýýar önümleri öndürmek, olaryň dünýä bazarlaryna çykarylýan möçberlerini durnukly artdyrmak we hil taýdan ýokary derejede ösdürmek – esasy wezipeleriň hatarynda durýar.

Ýurdumyzda Döwlet Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň uly dabaralara beslenjek ýylynda, durmuşyň dürli ugurlarynda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän sepgitler eziz Watanymyzda amala aşyrylýan konstitusion özgertmeleriň ähmiýetini has-da artdyrdy.

          “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda şeýle işleriň alnyp barylmagynda taýsyz tagallary edýän Arkadag Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny we il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli alyp barýan işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýäris!

Aşyrmuhammet Nazarow
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň
Ykdysadyýet fakultetiniň mugallymy

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok