Beýik binýatly – Garaşsyz döwlet

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň şanly ýyllarynda gazanylan üstünlikler halkymyzyň ykbalyny düýpli üýtgetdi, at-owazasyny täze röwüşde äleme ýaýdy. Ösüşlere beslenýän şol ýyllaryň her birinde mähriban Watanymyzy hemmetaraplaýyn ösdürmäge gönükdirilen belent sepgitleriň we döwletli tutumlaryň ýüzlerçesi bar.

Milli Liderimiziň döwletli tutumlaryny özünde jemleýän bilim özgertmeleri, ilkinji nobatda, ýaş nesliň guwanjyna, buýsanjyna beslenýär. Güneşli Diýarymyzyň ähli ýerinde gurlup, ulanylmaga berlen we gurluşygy ýokary depginlerde alnyp barylýan okuw edaralary kompýuter enjamlary, multimediýa tehnologiýalary bilen doly üpjün edilýär. Şeýle ajaýyp mümkinçilikleriň eşretini görüp yhlasly zähmet çekmek bolsa bagtyýarlygyň nyşany.

Milli Liderimiziň bedenterbiýäniň köpçülikleýinligini gazanmak, sporty ösdürmek, sagdynlyk ýörelgelerini rowaçlandyrmak boýunça öňde goýýan wezipelerinden, bildirýän talaplaryndan ugur alyp, ýaşlary bu möhüm ugurlara höweslendirmekde, olara köptaraplaýyn goldaw bermekde netijeli işler alnyp barylýar. Bilim, zehin we dürli sport ýaryşlary, medeni we köpçülikleýin çäreleri ýokary ruhubelentlikde geçirilýär.

Garaşsyzlygyň bagtyýar nesli ― kämil döwlete, beýik halka mynasyp nesil. Bu nesil — mukaddes Watanymyzyň ösüşine, onuň Garaşsyzlygynyň we hemişelik Bitaraplygynyň pugtalandyrylmagyna dürli ugurlarda mynasyp goşant goşýan nesil.

Biz ylym-bilim işgärlerine şeýle ajaýyp mümkinçilikleri peşgeş beren Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli tutýan tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Ogulsadap BALAKAÝEWA,

Aşgabat şäherindäki 37-nji çagalar
bakja-bagynyň müdiri.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok