Ýurdumyzda “Firma atlary hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi bilen, telekeçi ýuridik şahslaryna firma atlary berlende bildirilýän talaplary belleýär we olaryň hukuk goragy çygrynda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýär.
Kanunyň maksatlary üçin iki sany esasy düşünje ýagny, firmanyň ady we haryt nyşany ulanylýar. Firmanyň ady – bu telekeçi şahsyň işi amala aşyrlanda, ol ýuridik şahsy beýlekilerden tapawutlandyrmaga mümkinçilik berýän belgidir. Haryt nyşany – bu telekeçi ýuridik şahsyň harytlarynyň, ýerine ýetirýän işleriniň we hyzmatlarynyň aýrybaşgalandyrylmagy üçin hyzmat edilýän belgilenme bolup durýar.
Firmanyň adyny ulanmaga bolan hukuk düşünjesi, onuň eýesiniň firmanyň adynyň ulanylmagy bilen, harydy saklamak, ony satmak üçin hödürlemek, ony satmak, şol sanda ony daşary ýurtlara satmak, islendik harydyň gabynda ýa-da haryt baradaky maglumatlarda, etiketkalarda we at ýazgylarynda hem-de beýleki islendik maglumat çeşmelerinde, islendik hyzmat teklip edilende ýa-da ýerine ýetirilen ýagdaýynda, iş resminamalarynda we mahabatda, şeýle-de internet torunda salgy hökmünde ulanylmaga hukugy bardyr. Firmanyň adyny haryt nyşanynyň ýagny, ýerine ýetirilýän hyzmatyň nyşanynyň belgisiniň düzüm bölegi hökmünde hem ulanylyp bilner.
Firma atlarynyň hukuk goragy çygrynda döwlet gözegçiligini amala aşyrýan ygtyýarly edara hökmünde Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi kesgitlenendir. Ygtyýarly edara özüniň ygtyýarlygynyň çäklerinde ýeke-täk döwlet syýasatyny durmuşa geçirýär we kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kabul edýär. Şeýle hem, kanunçylygyň berjäý edilmegi boýunça gözegçiligi amala aşyrmak bilen, iş tejribesini umumylaşdyrýar, gyzyklanýan şahslara usulýet kömegini we düşündirişleri berýär hem-de hyzmatlary ýerine ýetirýär. Elektron maglumat ulgamyny döredýär, elektron resminama dolanşygynyň alnyp barylmagyny üpjün edýär we kämilleşdirýär hem-de sanly hyzmatlary amala aşyrýar we olaryň ösdürilmegi üçin şertleri döredýär. Firma ady firma adyny almakda gyzyklanýan şahsyň haýyşnamasy boýunça ygtyýarly edara tarapyndan berilýär.
Ygtyýarly edara şu Kanunyň talaplaryna laýyklykda firma adyny almak boýunça şahsyň haýyşnamasyny kabul edip alandan soň, ona degişli tertipde seredilýär we firma adyny bermek boýunça ygtyýarly edara tarapyndan gözgüt kabul edilýär we ony haýyşnama bilen ýüz tutan şahsa berilýär. Firma adynyň berilmegi onuň eýesiniň ilkinjiligini we bellige alnan firma adyna bolan aýratyn hukugyny güwälendirýän degişli resminama, ýagny şahadatnama bilen tassyklanylýar hem-de haýyşnamaça berilýär.
Baýramgül Geldimämmedowa
Türkmen döwlet ykdysadyýet we
dolandyryş institutynyň mugallymy
Teswirler