Hormatly Prezidentimiziň 9-njy fewralynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly
geçiren maslahatynda beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasynyň guramagynda döredijilik duşuşygy geçirildi. “Türkmen halkynyň parahatçylyk söýüjilik sypatlary edebi eserlerde” ady bilen geçirilen bu döredijilik duşuşygyna “Zenan kalby” žurnalynyň redaksiýasynyň halypa žurnalistleri, Halkara žurnalistikasy fakultetiniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.
“Zenan kalby” žurnalynda zähmet çekýän Ogulgözel Şagulyýewa, Keýik Umarowa, Ýazgül Annaýewa, Amangül Nurmyradowa ýaly halypa žurnalistler gelejekki hünärmenlere özleriniň iş tejribesine esaslanyp maslahatlary berdiler. Gahryman Arkadagymyzyň “Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” atly kitabyndan getirilen jümleler duşuşygyň täsirliligini has-da artdyrdy. Talyplar žurnalistika hünäri bilen baglanyşykly özara pikir alyşdylar hem-de özlerini gyzyklandyrýan sowallaryna jogap aldylar.
Şeýle döredijilik duşuşyklarynyň yzygiderli geçirilip durulmagy ýurdumyzda halypa-şägirtlik ýolunyň ösdürilýändigine ýene bir gezek subutnama boldy.
Aýlar ATAJYKOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň I ýyl talyby.
Teswirler