“Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylyndaýurdumyzyň şanly Garaşsyzlygynyň 30-ýyllyk toý baýramyna giňden taýýarlyk görülýär. Toý baýrama taýýarlyk görülýän döwürde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň bilelikde guramagynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň çeper höwesjeň talyp ýaşlarynyň arasynda yglan edilen “Talyp joşguny – 2021” atly döredijilik festiwalynyň jemleýji tapgyry boldy.
Döredijilik festiwaly ak mermerli gözel paýtagtymyzyň “Türkmenistan” kinokonsert merkezinde geçirildi. Döredijilik festiwalynda bäsleşigiň deslapky tapgyrlarynda has gowy netijeli çykyş eden ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlary çykyş etdiler. Bu döredijilik festiwalynyň her ýylda “Talyp joşguny” ady bilen geçirilmeginiň uly ähmiýeti bardyr. Sebäbi, halkymyzyň milli medeniýetiniň many-mazmunyny ýaş nesillere öwretmek, ýaşlarda millilige bolan buýsanjy emele getirmek, talyp ýaşlaryň arasyndan döredijilikli zehinlilerini ýüze çykarmak we ýurdumyzda alnyp barylýan işlere talyp ýaşlaryň işjeň gatnaşygyny üpjün etmekden ybaratdyr.
Bu döredijilikli “Talyp joşguny – 2021” atly festiwala beýleki abraýly ýokary okuw mekdepleri bilen bir hatarda Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyp ýaşlary hem işjeň gatnaşyp, konsertiň dowamynda Arkadag Prezidentimiziň durmuşa geçirýän il-ýurt bähbitli işlerini wasp edýän aýdymlary, milli we nusgawy saz gurallarynyň sazandarlyk etmeginde sazly çykyşlar, aýdyşyk aýdymy, türkmen halk aýdymy, halk döredijiliginiň eserlerinden ýerine ýetirilen parçalar, çeper okaýyş, meşhur awtorlar tarapyndan döredilen aýdymlary ýerine ýetirmek, taryhda yz galdyran şahsyýetlerimiziň keşbini açyp görkezýän teatrlaşdyrylan sahna oýny, saz astynda dürli tanslar bilen çykyşary ýerine ýetirdiler. Talyp ýaşlaryň
bagtyýar zamanamyzy wasp edýän edebi-çeper kompozisiýasy ussatlyk bilen ýerine ýetirlen çykyşlaryň biri boldy.
“Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda “Talyp joşguny – 2021” atly festiwalda talyp ýaşlaryň joşgunly eden çykyşary, oňa gatnaşyjylarda uly höwes döretdi we elçarpmalary bilen mähriban Arkadagymyza alkyşlaryny beýan etdiler. Konsertiň ahrynda döredijilikli festiwala gatnaşyjylara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hormat hatlary we ýadigärlik sowgatlary gowşuryldy.
Ýurdumyzda talyp ýaşlaryň zehinlilerini ýüze çykarmagy we ukyp- başarnyklaryny açyp görkezmegi üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza talyp ýaşlarymyzyň alkyşlary çäksizdir.
Goý, mähriban Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, il –ýurt ähmiýetli işleri elmydama rowaç alsyn!
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş
institutynyň Ykdysadyýet fakultetiniň talyby
Meýlis Annagulyýew
Teswirler