Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisi HGI-niň talyplaryna okuw sapagyny geçdi

Şu gün Türkmenistanyň Gruziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi D. Muradow Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynyň talyplaryna onlaýn okuw sapagyny geçdi. Okuw sapagynyň dowamynda ilçi,  Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy we Aşgabadyň 140 ýyllygynyň çuňňur baglanyşyk birleşdirýändigini belläp geçdi. Şeýle-de ilçi türkmen-gruzin gatnaşyklarynyň ähmiýeti barada durup geçdi we okuw sapagy tamamlanandan soň talyplary gyzyklandyrýan soraglara jogaplar berdi.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok