“Aşgabat siti” – täze şäheriň gurluşygynyň düýbüni tutmagyna bagyşlanan “Arkadagly ak şäherim Aşgabat” atly hoşallyk maslahaty geçirildi

Türkmeniň toýy goşa-goşadan geler diýilşi ýaly, “Türkmenistan –  rowaçlygyň we ynanyşmagyň Watany” atly ýylynda şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy şeýle hem gözel paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň 140 ýyllyk toýynyň utgaşykly gelmegi ýurdumyzyň her bir ynsanynyň kalbynda uly şatlyk-şowhunly duýgulary oýarýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen binagärlik sungaty uly ösüşe eýe boldy.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe paýtagtymyzy ösdürmek, onuň çäklerinde ähli amatlyklary özünde jemleýän ýaşaýyş jaý toplumlaryny we dürli maksatly binalary, ýol-ulag düzümine degişli desgalary gurmak hem-de binalaryň ýanaşyk ýerlerini göwnejaý abadanlaşdyrmak hormatly Prezidentimiziň öňe süren uzak geljege gönükdirilen döwrebap şähergurluşyk maksatnamasynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Aşgabat şäheriniň toýunyň toýlanýan gününde mähriban Arkadagymyz özüniň gatnaşmagynda, ak mermerli Aşgabadyň demirgazyk künjeginde peýda boljak şähergurluşyk maksatnamasynyň “Aşgabat siti”-niň düýbüni tutdy. Dabaraly geçirilen çärä Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň halypa mugallymlarynyň hem-de “Binagärlik” we “Dizaýn” kafedrasynda ýokary bilim alýan talyp ýaşlarymyzyň gatnaşmagy biz üçin diýseň buýsançly wakalaryň biri boldy.  

Hormatly Prezidentimiz, şanly sene mynasybetli ak mermerli  paýtagtymyzyň gazananlaryny görkezmegi guramagyň, şekillendiriş sungaty eserleriniň ýokary çeperçilik derejesini üpjün etmegiň zerurdygyny, olaryň  many-mazmunynyň döwrüň ruhuna laýyk gelmelidigini belledi. Gözel paýtagtymyzda geçirilýän dabaralaryň biri hem “Ak şäherim Aşgabat” atly ýadygärlikde geçirildi. Bu dabarada  Aşgabady durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge uly şahsy goşantlaryny goşan halk hojalygynyň dürli pudaklarynyň iň gowy işgärlerine ýokary döwlet sylaglary gowşurmak dabarasy geçirildi.

Mähriban Arkadagymyzyň şa serpaýy bilen Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň “Şekillendiriş sungaty” fakultetiniň, “Heýkeltaraşlyk” kafedrasynyň halypa mugallymlary Babasary Annamyradow hem-de Saragt Babaýew Aşgabat şäherini gözelleşdirmekde bitiren işleri üçin “Ruhubelent ordeniniň” eýesi bilen sylaglanmagy biz üçin uly bagt diýip düşünýärin. 

Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Arkadag Prezidentimiziň Aşgabat şäherini syýasy, ykdysady, medeni taýdan ösdürmekde, milli binagärligini belent sepgitlere ýetirmekde bitiren birnäçe işleri üçin, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň karary bilen “Aşgabat şäheriniň hormatly raýaty” diýen belent at dakyldy. Biz mugallymlar hem bu hormatly ady bilen Gahryman Arkadagymyzy tüýs ýürekden gutlaýarys, goý onuň jany sag tutýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin.

.

Jumageldi Amangeldiýew,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
“Dizaýn” kafedrasynyň müdiri.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok