Tomus möwsüminde howanyň aşa gyzmagy bilen baglanyşykly howpsuzlyk çärelerini üpjün etmegi unutmaň.
Aşa yssyda Günden goranmak maksady bilen, mümkin boldugyndan meýdana çykmazlyga çalşyň.
Daşarda bolanyňyzda saýawandan peýdalanyň.
Yssy howada teşneligiň artmagy adamyň umumy saglyk ýagdaýyna täsirini ýetirýär. Şonuň üçinem yssy günlerde köpräk suw içmäge çalşyň.
Jaýlary salkynladyjy enjamlary ulananyňyzda, howpsuzlyk düzgünlerini berjaý ediň.
Energiýany tygşytly harçlamagy-da unutmaň.
Gün uranda adamlaryň deri örtügi gyzaryp, guraksylanýar we ýadawlyk, kellagyry, baş aýlanma, mejalsyzlyk, aýaklarda agyry, kähalatlarda gaýtarmak, ýüregiň çalt urmasy, huşuňy ýitirmek, uka meýillilik, gulak şaňlamasy ýaly alamatlar ýüze çykýar. Şeýle-de, ejir çekeniň bedeniniň gyzgyny ýokarlanýar. Gün urana öz wagtynda kömek berilmese, onuň ýagdaýynyň agyrlaşmagy mümkindir.
Gün uran adamy ilki bilen, kölege ýere geçirip, kellesini biraz ýokary galdyryp ýatyrmaly. Ejir çekeniň depesinden dabanyna çenli endamyny suwa öllenen mata bilen süpürmeli we maňlaýyna, ýüreginiň üstüne öl mata goýmaly. Oňa sowujak suwdur aýran, gök çaý içirmeli we hassahana alyp gitmeli.
Her bir adam tomus paslynda gezelençlere gidende, açyk howada suwa düşende Günüň ýiti şöhlesinden goranmagy unutmaly däldir. Yssy günlerde 2 ýaşa çenli çagalara we gartaşan adamlara sagat 11:00-dan 18:00-a çenli açyk Günüň aşagynda gezmek maslahat berilmeýär. Kelläňe başgap geýmek, ýaglyk daňmak ýa-da saýawanly gezmek hökmanydyr. Günüň dowamynda ýeterlik suw içmek we gök önümleri iýmek saglyga peýdalydyr. Tomus paslynda açyk reňkli we pagtadan dokalan eşikleri geýmek, ynsan bedenine oňaýlydyr.
Gün şöhlesinden peýdalanylanda ir sagat 8:00-dan 10:00-a çenli, öýlän 18:00-dan 20:00-a çenli aralyk iň amatly wagtdyr. Gün wannalaryny ýylda 50 gezekden köp kabul etmek maslahat berilmeýär.
Aknur ALLABERDIVEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.
Teswirler