“Türkmen senet” polipropilen önümleriniň eksportuny artdyrýar

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Türkmen halysynyň baýramçylygy mynasybetli köpugurly sergi geçirildi. Sergini Söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar ministrligi, Dokma senagaty ministrligi, “Türkmenhaly” döwlet birleşigi, Döwlet haryt-çig mal biržasy, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilelikde gurady. Biz hem Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyp ýaşlary bolup bu sergä gatnaşdyk we türkmen telekeçileriniň birnäçesi bilen söhbetdeş bolduk.

Şeýda Jumaýew – “Türkmen senet” hojalyk jemgyýetiniň marketing bölüminiň hünärmeni:

-“Türkmen senet” hojalyk jemgyýetinde polipropilenden dürli görnüşli önümler öndürilýär. Biz bu işi 2018-nji ýylda ýola goýduk. Hytaý we Germaniýa döwletinden getirilen enjamlar arkaly enjamlaşdyrylan kärhana “Siemens” kompaniýasy bilen bilelikde iş alyp barýar. “Türkmen senet” hojalyk jemgyýetinde 100-e golaý işgär zähmet çekýär we olaryň aglaba bölegi ýaşlardyr. Kärhananyň öndürýän önümleri içerki we daşarky bazarlara çykarylýar. Şeýle hem kärhananyň önümleri Russiýa, Azerbeýjan, Türkiýe we başgada birnäçe döwletlere eksport edilýär.

Söhbetdeş bolan:
Aýlar ATAJYKOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok