Aşgabat şäherine täze 400 awtobus sowgat berildi

Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň  140 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäherine hyzmat etmek üçin 400 sany “Hyundai ALL New super Aero Сity” kysymly döwrebap awtobuslary sowgat etdi.

Aşgabat şäheriniň Türkmen awtoulaglar agentliginiň dispeçri Kerimow Kerim bu barada öz duýgularyny beýan etdi:

– Häzirki wagtda biz ulag we aragatnaşyk ulgamlarynyň işgärleri üçin örän uly mümkinçilik döredilýär. Her bir işgäre sürüjä, aýratyn şert döredilip her gün işe çykanlarynda arkaýyn ýola çykyp diňe ýoly, işi bilen gyzyklanaýar ýaly ajaýyp şert döredilýär.

Diňe bir täze awtoulaglaryň bilen üpjün edilmek çäklenmän işleýän ýerlerinde hem arkaýyn işlar ýaly, halka hyzmat eder ýaly, mümkinçilikler  döredilen. Sebäbi sürüjileriň arassa, dury kelle bilen işlan ýagdaýda ýola, işe çykmaklary örän zerur bolup durýar. Sebäbi awtobusalara, taksilere umuman ýol ulaglarynda günüň dowamynda birnäçe adamlar münüp, düşüp işjeň ýagdaýda bolýar. Her bir münen ynsanyň howpsuzlygy hem möhüm ähmiýet bolup durýar.

Şu ugurda işleýän işgärler döredilen mümkinçilileriň biri hem geçen ýyllaryň dowamynda açylan Çoganlyda ýerleşýän “Aşgabat şäheriniň awtoulagalar kärhanasynyň awtoulagalar’ üçin döredilen duralgasydyr. Bu duralga ýurdumyzda hereket edýän her bir awtolulag üçin niýetlenen bolup bolup, içinde birnäçe bölümçeler hereket edip, içinde 5 saglyk işgärleri, 11 sany dispeçr, 10 sany kasssa  bar. Bulardan başga hem bu duralgada ulaglar üçin ätiýaçlyk şaýlary bilen hem üpjün edilýär.

K. Kerimow bir ýyl bäri bu wezipede zähmet çekýän hem bolsa, gysga wagtda öz edarasynda kärdeşlerleriniň uly hormatyndan peýdalanýar.

Söhbetdeş bolan:
Arzygül TEKEMYRADOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
halkara žurnalistikasy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok