Geljekki ykdysatçylaryň döredijilik dünýäsindäki ýeňişleri

2021-nji ýylyň 24-nji maýynda Jemgyýetçilik guramalarynyň Milli merkezi binasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň hem-de «InAshgabat» onlaýn portaly bilen bilelikde ýurdumyzyň döredijilik bilen meşgullanýan ýaş waspçylarynyň arasynda yglan edilen «Aşgabadym – waspyň etsem şygrymda» atly döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlendi.

Ýokary guramaçylykly geçen bu döredijilik bäsleşigi Aziýanyň merjeni Aşgabady giňden wasp etmek, ýaşlaryň döredijilik ukyplaryny kämilleşdirmekden, şeýle hem internet torlaryny netijeli peýdalanmakdan maksady bilen geçirilen bu bäsleşige sanly ulgam arkaly gatnaşan ýaşlar öz goşgularynyň üsti döredijilik ukyplaryny açyp görkezdiler. Bu bäsleşikde Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutymyzyň bagtyýar talyplarynyň yhlasy ýerine düşdi. Biziň ýokary okuw mekdebimiziň talyplarynyň 6-sy: Kerwen Berdiliýew, Gülşat Gurbandurdyýewa, Söhbet Orazmämedow, Aýgül Mämetkurbanowa, Döwletmyrat Tejenow, Gurbanbibi Rahimowa dagylar bu döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri diýlip yglan edilmegi, örän guwandyryjy wakalaryň biri boldy.

Biz hem talyp ýaşlary döredijilik älemindäki bu ýeňşi bilen tüýs ýüregimizden gutlaýarys hem-de galamynyň mundan beýläk-de ýiti bolmagyny, döredijilik ýolunda rowaçlyklaryň hemra bolmagyny arzuw edýäris diýip, dabarada çykyş eden bellediler. Bäsleşigiň ýeňijilerine Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Döwletmyrat Tejenow,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň
Maliýe fakultetiniň 1-nji ýyl talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok