Türkmenistanyň küşt çempionatynyň ýeňijileri

Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebinde onlaýn görnüşinde Türkmenistanyň küşt çempionaty geçirildi. Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy mynasybetli geçirilen bu çempionat Aşgabat şäher häkimliginiň, Aşgabat şäher sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň, Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň bilelikde gurnamagynda alnyp baryldy.

Bäsleşik 4 toparyň arasynda geçirilip, A toparda erkek küştçiler, B toparda zenan küştçiler, C toparda 16 ýaşa çenli oglanlar, D toparda 16 ýaşa çenli gyzlar ýaryşdylar. Bäsleşik blis (3 minut goşmaça 1 sekunt) görnüşinde geçirilip, oňa gatnaşanlar gysga wagtyň içinde öz ussatlyklaryny görkezmekligi başardylar.

Bäsleşigiň netijelerine görä, A topardan 1-nji orna Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 5-nji ýyl talyby Saparmyrat Atabaýew, 2-nji orna Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebiniň tälimçisi Gurbangeldi Amangeldiýew, 3-nji orna Turkiýe Respublikasyndaky tälimçi ildeşimiz Meýlis Annaberdiýew; B topardan 1-nji orna  Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 5-nji ýyl talyby  Jemal Öwezdurdyýewa, 2-nji orna Birleşen Arap Emirliklerindäki tälimçi ildeşimiz Mähri Geldiýewa, 3-nji orna Ogulsuraý Baýrambaýewa;  C topardan 1-nji orna Aşgabat şäheriniň 117-nji orta mekdebiniň okuwçysy Amanmuhammet Hommadow, 2-nji orna Wepaly Halniýazow, 3-nji orna Azim Saryýew; D topardan 1-nji orna Aşgabat şäheriniň 17-nji orta mekdebiniň okuwçysy Eneş Arazmedowa, 2-nji orna Arzygül Atabaýewa, 3-nji orna Merýem Agajanowa mynasyp boldular. Bäsleşikde baýrakly orunlara mynasyp bolan ýeňijiler diplomlar we ýadygärlik sowgatlar bilen sylalanyldy.

Gyzlargül ANNAGURDOWA

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok