«Aşgabadym-Waspyň etsem şygrymda» bäsleşigine
Mähriban paýtagtymyz barada söz açmak örän ýakymly. Geçen taryhy döwrüň içinde paýtagtymyzyň gazanan şan-şöhraty, at-abraýy sanardan juda kändir. Milli Liderimiziň taýsyz tagallasy netijesinde birnäçe döwrebap desgalar, söwda we dynç alyş merkezleri gurlup ulanylmaga berilýär. Bu gurlup ulanylmaga berilýän desgalaryň ählisine diýen ýaly, badalga bermek we açylyş dabarasyna Döwlet Baştutanymyzyň hut özi gatnaşýar.
Aşgabat diňe bir Merkezi Aziýanyň merjeni, ýurdumyzyň syýasy, ykdysady we medeni merkezi bolman, halkara maslahatlarynyň, forumlarynyň, sergileriň we sport ýaryşlarynyň geçirilýän merkezi hökmünde tanalýar.
Ähli ugurlar boýunça sazlaşykly ösýän ak mermerli ajaýyp Aşgabadyň keşbi günsaýyn ösýär özgerýär. Beýik we kaşaň binalar ajaýyp binagärlik aýratynlyklaryny özünde jemleýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda gözel paýtagtymyzyň 30 ýyllyk şanly toýuna uludan taýýarlyk görülýär.
Aşgabat bu günki günde, Gahryman Arkadagymyzyň binagärlik zehininden kemal tapyp, täze keşbe eýe boldy. Aşgabat kämil sungat eseri bolup kalplara ylham, köňüllere joşgun paýlaýar.
Atageldi GARAJAÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň mugallymy.
Teswirler