Ekologiýa syýasaty barada ylmy-amaly maslahat geçirildi

2021-nji ýylyň 6-njy maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli “Türkmenistanyň konstitusion gurluşynyň esaslary” atly sanly wideoaragatnaşyk arkaly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu maslahat Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň professor-mugallymlarynyň, ylmy işgärleriň, hünärmenleriň we diňleýjileriň gatnaşmagynda geçirildi.

Maslahatyň dowamynda çykyş edenler Türkmenistanyň ekologiýa syýasatynyň esasy ýörelgeleri, “Altyn asyr” Türkmen kölüniň döredilmegi, öri meýdanlaryň peýdalanylyşynyň kadalaşdyrylmagy hem-de birnäçe beýleki çäreler ýurdumyzda ekologiýa ýagdaýynyň gowlandyrylmagyna oňyn täsir edýändigi barada belläp geçdiler. Şeýle hem maslahatda ekologiýa meseleleriniň häzirki wagtda dünýä möçberindäki uly meseleleriň biri bolup durýandygy, şol sanda biziň ýurdumyzda hem geljekde-de, bu babatda birnäçe işleriň ýerine ýetirilmegi meýilleşdirilýändigi aýdyldy.

Tawus Akjaýewa,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara
žurnalistikasynyň II ýyl talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok