Döwran Agalyýew bilen döredijilik duşuşygy geçirildi

2021-nji ýylyň 6-njy maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 23-nji dekabrynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren iş maslahatynda ýokary derejeli žurnalistleri taýýarlamaga aýratyn üns bermek, şeýle hem žurnalistleriň döwrebap sanly foto kameralardan, kompýuterlerden, dizaýn işlerinden oňat baş çykarmagy, žurnalistika babatda halypa-şägirt ýoluny ösdürmek barada beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen “Türkmen dünýäsi” gazetiniň jogapkär kätibi Döwran Agalyýewiň gatnaşmagynda Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyplarynyň arasynda döredijilik duşuşygy geçirildi.

Döredijilik duşuşygynyň dowamynda halypa geljekki ýaş halkaraçy žurnalistlere özüniň žurnalistika ýoluna gelşi, onuň dowamynda geçen döredijilik ýoly barada gyzykly gürrüňleri berdi. Şeýle hem öz hünärine ökde hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin, ilki bilen daşary ýurt dillerini suwara öwrenmelidiklerini, sanly ulgamdan doly baş çykarmalydyklaryny, türkmen edebiýatyny, türkmen diliniň grammatikasyny we daşary ýurt edebiýatyny köpräk okamalydyklaryny, halypa ýaş hünärmenlere maslahat hökmünde belledi. Döredijilik duşuşygynyň dowamynda talyplar özlerini gyzyklandyrýan soraglary bilen halypa ýüzlendiler.

Şeýle edebi-döredijilik duşuşyklarynyň ýygy-ýygydan geçirilmegi, halypa şägirtlik ýolunyň yzygiderli dowam etdirilmegi geljekki halkaraçy hünärmenleriň öz hünärlerini doly ele almagyna örän uly görelde mekdebi bolup durýar.

Tawus AKJAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň II ýyl talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok