2021-nji ýylyň 5-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda “Açyk gapylar” güni mynasybetli paýtagtymyzyň orta mekdepleriniň okuwçylary bilen tanyşdyryş çäresi geçirildi.
Çäräniň dowamynda mekdep okuwçylaryna žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasynyň mugallymlarynyň, şeýle hem, Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyplarynyň taýýarlamagynda institutymyzyň we talyplaryň durmuşyndan taýýarlanan wideorolik görkezildi. Soňra mekdep okuwçylary institutymyzyň baş binasynda ýokary okuw mekdebimizdäki fakultetler, her hünäre degişli birnäçe kitaplar, şeýle hem institutymyzyň talyplarynyň ýurdumyzda we daşary ýurtlarda gazanan üstünlikleri barada guralan sergi bilen tanyşdylar. Şeýle-de, ýokary derejede guralan bu tanyşdyryş çäresiniň dowamynda geljekki uçurym okuwçylar institutymyzyň muzeýi, okuw studiýasy we kitaphanalary bilen hem tanyşdyryldy. Ýokary okuw mekdebimiz barada geçirilen bu tanyşdyrylyş çäresi mekdep okuwçylarynda biziň institutymyza bolan gyzyklanmany has-da artdyrdy.
Eneş ATAJANOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara
gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy
fakultetiniň II ýyl talyby.
Teswirler